logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy
  03.09.2026
425
Binagärlik-gurluşyk institutynyň täze toplumy

Aşgabatda Türkmenistanyň Döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumy ulanmaga berildi. Täze bilim şäherçesi 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde açyldy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Täze toplum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy tarapyndan bina edildi.

32,2 gektar meýdany eýeleýän täze şäherçede 13 gatly baş bina, 8 fakultet we 28 kafedra, kitaphana hem-de mejlisler zaly ýerleşýär. Talyplar üçin 2 müň 600 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýy, mugallymlar üçin bolsa iki sany, hersi 40 öýden ybarat ýaşaýyş jaýy guruldy.

Institutyň tejribehanalarynda gurluşyk, seýsmika, elektromehanika, himiýa we beýleki ugurlar boýunça döwrebap enjamlardan peýdalanylýar. Olaryň arasynda ýertitremäniň yrgyldylaryny emeli ýagdaýda döredip, binalaryň durnuklylygyny barlamaga mümkinçilik berýän enjam hem bar.

Täze toplum ISO-nyň bäş halkara standartyna laýyklyk güwänamalaryny aldy. Şeýle hem instituta Certiport Authorized Testing Center halkara synag merkeziniň derejesi berildi.

Täze binalar toplumy ýurdumyzyň binagärlik, gurluşyk we senagat pudaklary üçin ýokary hünärli hünärmenleri taýýarlamakda institutyň mümkinçiliklerini has-da giňelder.