Türkmenistanyň teatrlarynyň arasynda «Garaşsyzlyk — ganatym, Watanym — seždegähim» atly bäsleşik geçirildi. Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan guralan döredijilik bäsleşigi 26-njy awgustdan 8-nji sentýabr aralygynda dowam etdi.
Bäsleşigiň dowamynda sahna eserlerinde Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan ösüşler, türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, watansöýüjilik, merdanalyk we ynsanperwerlik ýaly gymmatlyklar öz beýanyny tapdy.
Eminler toparynyň gelen netijelerine laýyklykda, baş baýraga «Halk hakydasy» sahna oýny bilen Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatry mynasyp boldy. Režissýory Handurdy Berdiýew.
I orun «Agzybirlik rowaýaty» sahna oýny bilen Arkadag şäheriniň Aman Gulmämmedow adyndaky döwlet drama teatryna berildi. Sahna eseriniň režissýory Serdar Ataýew.
II orun «Howandar» sahna oýny bilen Türkmenistanyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatryna, III orun bolsa «Türkmen soltany» sahna oýny bilen Mary welaýatynyň Kemine adyndaky döwlet drama teatryna we «Eşit meni!» sahna oýny bilen A.S. Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatryna berildi.
Bäsleşikde sahna sungatynyň dürli ugurlary boýunça hem ýörite baýraklar gowşuryldy. Olaryň arasynda iň oňat saz bezegi, ýaş režissýoryň iň oňat işi, režissýoryň täze gözlegleri, sahnada milli däp-dessurlary wagyz etmek, zenan keşbini iň oňat ýerine ýetirmek, iň oňat sahna eseri, suratkeşiň iň oňat işi we iň ýaş zehin ýaly ugurlar bar.
Şeýle-de bäsleşikde aýratyn tapawutlanan birnäçe artist Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň sowgatlary bilen sylaglandy.
Bäsleşigiň netijeleri ýurdumyzyň teatr toparlarynyň döredijilik mümkinçiliklerini görkezmek bilen bir hatarda, milli teatr sungatynyň ösdürilmegine gönükdirilen täze eserleriň we sahna çözgütleriniň ähmiýetini hem görkezdi.
Aýbibi ORAZDURDYÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň
Kitaphanaçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.