logo

Soňky täzelikler:
✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦ ✦ Bir pursatlyk üns - bir ömri halas edip biler! ✦ ✦ Şähribossan Geldimämmedowa «Ykbal öwrüminde» ✦
Baş sahypa / Syýasat /Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap
  10.08.2026
405
Mukaddes Garaşsyzlygyň 35 ýyllygy we Halk Maslahaty: Berkarar döwletiň beýik geljegine tarap

Türkmenistanyň şöhratly taryhynda beýik eýýamy bolan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk toýuna barýan ýolumyz bütin ýurdumyz boýunça uly zähmet ýeňişleri we belent baýramçylyk ruhy bilen gurşalyp alynýar. Garaşsyzlyk – biziň milli buýsanjymyz, ata-babalarymyzyň asyrlar boýy arzuwlan berkararlyk binýadydyr.

 

Şu mukaddes senäniň öňisyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi bolsa ýurdumyzyň syýasy, jemgyýetçilik we durmuş-ykdysady ösüşiniň täze basgançaklaryny kesgitleýän iň ýokary demokratik dabara hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty – milletiň agzybirligini, döwlet we halk bütewiligini kämil derejede görkezýän täsin milli edaradyr. Gadymdan gelýän maslahatlaşmak däbiniň häzirki zaman döwlet gurluşy bilen sazlaşykly utgaşmagy netijesinde emele gelen bu edara, ýurdumyzyň iň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdançadyr. Türkmenistanyň Halk Maslahaty – halkyň agzybirligini, milli demokratik ýörelgeleri we jemgyýetiň ähli gatlaklarynyň, hususanam ýaşlaryň bähbitlerini özünde jemleýän wajyp milli edaradyr. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisleri ýurdumyzyň syýasy, durmuş-ykdysady we medeni ösüşiniň nobatdaky tapgyrlaryny kesgitlemekde, kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmekde, adam hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmekde möhüm syýasy münber bolup durýar. Munuň özi «Döwlet adam üçindir!» diýen ýörelgäniň her bir raýatyň gündelik durmuşynda, abadançylygynda we ýurdumyzyň alyp barýan giň möçberli özgertmelerinde giňden dabaralanýandygyny görkezýär.

 

Türkmenistanyň Halk Maslahaty diňe bir geçirilen işlere netije çykarmak däl, eýsem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk şanly baýramynyň öňisyrasynda ýurdumyzyň gelejekki strategik ösüş ugurlaryny hem kesgitleýär. Ýaşlary goldamak, täze zähmet orunlaryny döretmek, durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek we daşky gurşawy goramak boýunça öňde duran täze wezipeler halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokary götermäge gönükdirilendir.

 

Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk toýy we Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň kararlary Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe berkarar Watanymyzyň mundan beýläk hem gülläp ösmegine batly itergi berer!

Musa Ýazymow,
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy