logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti
  12.09.2026
311
Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Ýeňiş kitaphana şahamçasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan «Mukaddes Garaşsyzlyk – asyrlaryň hasyl bolan arzuwy» atly kitap sergisi we wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çäräniň esasy mazmunynda taryhy öwrenmegiň we geçmişde gazanylan tejribeleri nesilden-nesle ýetirmegiň ähmiýeti öňe çykaryldy. Kitap sergisinde Türkmenistanyň taryhyny, milli gymmatlyklaryny we Garaşsyzlyk ýyllarynda gazanylan üstünlikleri beýan edýän neşirler görkezildi.

Çykyşlarda ýurduň ösüş ýoluna düşünmekde taryhy maglumatlaryň we milli mirasy öwrenmegiň möhüm ähmiýete eýedigi bellenildi. Şeýle hem Garaşsyz Türkmenistanyň ösüşi, milli ykdysadyýetiň kuwwatlanmagy we halkara giňişligindäki orny barada maglumatlar berildi.

Taryhy eserleriň we kitaplaryň giňden öwrenilmegi ýaş nesliň geçmişe bolan düşünjesini baýlaşdyrmak, milli gymmatlyklara hormat goýmak hem-de taryhy wakalara dogry baha bermek üçin möhüm serişdeleriň biri hökmünde görkezildi.

Çäräniň geçirilendigi barada Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň resmi web sahypasynda habar berilýär.


Aýbibi ORAZDURDYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň
Kitaphanaçylyk fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.