Türkiýäniň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şener Jebeji wezipesine girişmegi mynasybetli Türkmenistanyň halkyna we türkmen dostlaryna ýüzlenme bilen çykyş etdi. Ilçiniň ýüzlenmesi Türkiýäniň paýtagtymyzdaky ilçihanasynyň sosial ulgamlardaky resmi sahypalarynda halk köpçüligine ýetirildi.
Şener Jebeji Aşgabatda diplomatik wezipesine başlamagyň özi üçin uly hormatdygyny belledi. Ol Türkiýäniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny ilkinjileriň hatarynda ykrar eden we Türkmenistanda öz ilçihanasyny açan ilkinji döwlet bolandygyny aýratyn nygtady.
Ilçiniň bellemegine görä, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar köp ýyllaryň dowamynda özara hormat, ynanyşmak we umumy bähbitler esasynda ösdürilip gelinýär. Häzirki wagtda bu gatnaşyklar «Iki döwlet — bir millet» ýörelgesine laýyklykda strategik häsiýete eýe boldy. Diplomat Türkiýäniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygyny hem-de hemişelik Bitaraplyk derejesini geljekde-de yzygiderli goldajakdygyny aýtdy.
Täze ilçi ozal Türkiýäniň Daşary işler ministrliginde Merkezi Aziýa ýurtlary bilen baglanyşykly ugurda iş alyp barandygyny hem belledi. Ol täze wezipesinde Türkmenistanyň we Türkiýäniň arasyndaky gatnaşyklary has-da ösdürmegi we iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähli ugurlaryny berkitmegi esasy maksatlarynyň biri hökmünde görkezdi.
Şener Jebeji syýasy-diplomatik gatnaşyklar bilen bir hatarda ykdysadyýet, söwda, medeniýet we bilim ulgamlarynda hem hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy.
Ýüzlenmede ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn ähmiýet berildi. Ilçi türk kompaniýalarynyň Türkmenistanda durmuşa geçirilýän iri infrastruktura, senagat we ulag taslamalaryna işjeň gatnaşýandygyny belledi. Onuň pikiriçe, bu ýagdaý türkmen tarapynyň türk işewür toparlaryna bildirýän ynamynyň aýdyň görkezijisidir.
Şener Jebeji geljekde-de türk kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysady we durmuş ösüşine gönükdirilen taslamalara gatnaşmagyny dowam etdirjekdigine ynam bildirdi. Şeýle hem ol iki ýurduň arasyndaky dostlukly we strategik hyzmatdaşlygyň täze ugurlar boýunça has-da ösdüriljekdigini nygtady.