logo

Soňky täzelikler:
✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦ ✦ Aşgabatda Hytaý suratkeşleriniň we fotosuratçylarynyň sergisi açyldy ✦ ✦ Malaýziýanyň HELMS Geomarine kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦ ✦ Malaýziýanyň BWTMS kompaniýasy OGT 2026-da nebitgaz guýulary üçin howpsuzlyk we awtomatlaşdyryş çözgüdini tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň Swift Energy OGT 2026-da gün energiýasy ulgamlaryny tanyşdyrdy ✦ ✦ Malaýziýanyň AsiaPac Oil & Gas kompaniýasy OGT 2026 halkara sergisine gatnaşdy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy
  03.09.2026
453
Türkmenabatda mugallymçylyk institutynyň täze toplumy açyldy

Türkmenabat şäherinde Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň 5 müň orunlyk täze binalar toplumy ulanmaga berildi. Döwrebap bilim şäherçesi 1-nji sentýabrda — Bilimler we talyp ýaşlar gününde açyldy.

Açylyş dabarasyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gatnaşdy. Täze toplum Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary tarapyndan bina edildi.

26 gektara golaý meýdany eýeleýän toplumda okuw binalary, mejlisler zaly, kitaphana, 1 müň orunlyk naharhana, sport desgalary we 2 müň orunlyk 6 sany umumy ýaşaýyş jaýy ýerleşýär.

Okuw binalarynda himiýa, biologiýa, fizika, zähmet we tehnologiýa, defektologiýa ýaly ugurlar boýunça onlarça tejribehana döredildi. Şeýle hem taryh, arheologiýa we etnografiýa, ösümlik we haýwanat dünýäsi muzeýleri hereket edýär.

Täze kitaphana 1 milliona çenli kitaby saklamaga niýetlenip, 700 orunlyk okalga zalyndan we 100 orunlyk elektron kitaphanadan ybarat.

Toplumda futbol meýdançasy, woleýbol we basketbol zallary ýaly sport desgalary hem bar.

Açylyş dabarasynda instituta birnäçe halkara güwänamalary gowşuryldy. Olaryň arasynda Naberežnyýe Çelny döwlet mugallymçylyk uniwersitetiniň, ÝUNISEF-iň güwänamalary, ÝUNESKO-nyň Bilimde maglumat tehnologiýalary institutynyň Minnetdarlyk haty we Halkara uniwersitetler assosiasiýasynyň agzalyk güwänamasy bar.

Täze bilim toplumy Türkmenistanda geljekki mugallymlary we bilim işgärlerini taýýarlamak üçin institutyň okuw, ylmy-barlag we amaly mümkinçiliklerini has-da artdyrar.