Halkymyzyň arasynda «Maslahat bilen tutulan toý dargamaz», «Geňeşli salamat bolar», «Geňeşli ýerde kemlik ýok, geňeşsiz ýerde — deňlik» ýaly pähimler giňden ulanylýar. Bu nakyllar ata-babalarymyzyň maslahatlaşmaga we geňeşmäge uly ähmiýet berendiginiň aýdyň subutnamasydyr. Gadymy döwürlerden bäri dowam edip gelýän bu asylly ýörelgeler häzirki döwürde hem Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen mynasyp dowam etdirilýär. Muny öňde boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine görülýän taýýarlyklaryň mysalynda hem görmek bolýar. Häzirki wagtda ählihalk forumyny ýokary derejede geçirmek üçin degişli işler alnyp barylýar. Halka sala salmak, möhüm döwlet işleriniň öňüsyrasynda il içinde uly hormatdan peýdalanýan adamlar bilen maslahatlaşmak halkymyzyň asyrlaryň dowamynda dowam etdirip gelen gadymy we asylly däpleriniň biridir.
Türkmenistanyň Halk Maslahaty halkyň bähbitlerini goraýan ýokary wekilçilikli edara hökmünde ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm orun eýeleýär. Bu edara 2023-nji ýylyň 21-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Halk Maslahaty görnüşinde döredildi. Şondan bäri Halk Maslahaty ildeşlerimiziň bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmek, ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da ýokarlandyrmak, döwletimiziň dünýä bileleşigindäki abraýyny berkitmek, şeýle hem milli terbiýä eýe bolan, ösen aň-düşünjeli we sagdyn ýaş nesli kemala getirmek ugrunda köp sanly işleri amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň işiniň esasyny demokratiýa, aýanlyk, adalatlylyk we kanunyň hökmürowanlygy ýaly möhüm ýörelgeler düzýär. Şeýle hem halkara hukugyň umumy ykrar edilen kadalaryny ileri tutmak, adamyň we raýatyň kanunyň öňündäki deňligini üpjün etmek, olaryň hukuklaryna we azatlyklaryna hormat goýmak, meseleleri erkin ara alyp maslahatlaşmak hem-de degişli çözgütleri kabul etmek, jemgyýetçilik pikirini nazara almak bu ýokary wekilçilikli edaranyň esasy ýörelgeleriniň hatarynda durýar.
Güljemal ATAGULYÝEWA,
Mary welaýat kazyýetiniň Işgärler we
ýörite işler boýunça bölüminiň hünärmeni.