logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmen ýaşlary 1040 medalyň eýesi boldy ✦ ✦ Türkmenistanyň parahatçylyga gönükdirilen daşary syýasaty ✦ ✦ Arkadag şäheri — döwrebap ösüşleriň we bagtyýar durmuşyň şäheri ✦ ✦ Bedewler taryhyň gatlarynda ✦ ✦ Ýagşylyga çagyrýan eser ✦ ✦ ÝAŞLARYŇ PIKIRI - GELJEGIŇ BAŞLANGYJY ✦ ✦ Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymgulynyň keşbi ✦ ✦ Demokratiýanyň kämil nusgasy ✦ ✦ Garaşsyzlyk — bagtyýarlygyň baş şerti ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynyň teležurnalistikasy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi
  07.09.2026
331
Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi

Ahal welaýatynda «Bilimler we talyp ýaşlar güni» hem-de täze okuw ýyly mynasybetli baýramçylyk çäreleri geçirildi. Sebitde täze okuw ýyly täze bilim ojaklarynyň açylmagy we ýaş nesle döredilýän täze mümkinçilikler bilen başlandy.

 

Baýramçylyk gününde Gökdepe etrabynyň Gökdepe obasynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi. Döwrebap mekdep okuwçylaryň döwrebap bilim almagy üçin zerur şertler bilen üpjün edildi.

 

Täze okuw ýylynyň ilkinji gününde mekdep bosagasyna gadam basan körpeler üçin hem ýatdan çykmajak pursatlar döredildi. Ahal welaýatyndaky ilkinji synp okuwçylaryna Türkmenistanyň Prezidentimiziň we Gahryman Arkadagymyzyň adyndan «Bilimli» atly kompýuterler ýadygärlik sowgady hökmünde gowşuryldy.

 

Welaýat boýunça 18 müňe golaý çaga bu sowgada mynasyp boldy. Kompýuterleriň okuwçylaryň sapaklaryny özleşdirmekde, goşmaça maglumat gözlemekde we häzirki zaman tehnologiýalary bilen tanyşmakda peýdaly gural bolmagyna garaşylýar.

 

Täze okuw ýyly mynasybetli welaýatda geçirilen çärelerde ýaşlaryň bilim almagy üçin döredilýän mümkinçilikler, täze okuw binalary we sanly tehnologiýalaryň bilim ulgamyndaky orny aýratyn bellenildi.

 

Ahal welaýatynda täze okuw ýylynyň şeýle şertlerde başlanmagy ýaş nesliň döwrebap bilim almagyna gönükdirilen işleriň dowam etdirilýändigini görkezýär.

Suhrabjan Anwarow,
Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we
informatika institutynyň talyby