logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi
  12.09.2026
345
«Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň «Nowruz ýaýlasynda» ýerleşýän «Türkmeniň ak öýi» binasynda zehinli çagalaryň «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» atly aýdym-saz bäsleşiginiň jemleýji döwlet tapgyry geçirildi.

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan bäsleşigiň jemleýji tapgyryna ýaş aýdymçylar, tansçylar, aýdym-saz we halk döredijilik toparlary gatnaşdy. Çäre Garaşsyzlyk binasyna gül desseleriniň goýulmagy bilen başlanyp, Türkmenistanyň Döwlet senasynyň ýerine ýetirilmegi bilen dowam etdi.

Jemleýji konsertde gatnaşyjylar türkmen halkynyň milli aýdym-saz mirasyny, Watanyň taryhyny, tebigatyny we häzirki durmuşyny wasp edýän aýdym-saz we tans eserlerini ýerine ýetirdiler. Maksatnamada halk we estrada aýdymlary bilen birlikde, milli aýdym-saz medeniýetiniň dürli ugurlaryny görkezýän eserler hem orun aldy.

Bäsleşigiň dowamynda eminler gatnaşyjylaryň çykyşlaryna baha berip, iň zehinli ýaşlary kesgitlediler. Ýeňijilere diplomlar we döwlet Baştutanynyň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Bäsleşige gatnaşyjylaryň ählisine ýadygärlik sowgatlar berildi.

Çäre Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde geçirilýän zehinli çagalaryň festiwalynyň bir bölegi bolup, ýaşlaryň döredijilik başarnyklaryny ösdürmäge we milli aýdym-saz sungatyna bolan gyzyklanmasyny artdyrmaga gönükdirildi.

 

Gulşirin OTYZBAÝEWA,
Türkmenistanyň Döwlet medeniýet institutynyň
4-nji ýyl talyby.

Çeşme: Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi (TDH) — «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry