Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy ✦ ✦ «COP29»: ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler ✦ ✦ Türkmenistan bilen BAE-niň söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi ✦ ✦ Ýaşlaryň döredijiliginde Aşgabat şäheriniň gözel keşbi ✦ ✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Ulag hyzmatdaşlygy — ösüşiň hereketlendiriji güýji
  02.12.2024
60
Ulag hyzmatdaşlygy — ösüşiň hereketlendiriji güýji

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmäge aýratyn ähmiýet berýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň başlangyjy esasynda BMG-niň «Bütindünýä durnukly ulag güni» atly Kararnamany kabul etmegi, her ýylyň 26-njy noýabrynda Bütindünýä durnukly ulag gününiň halkara derejede bellenip geçilmegi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.

 

Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmeginde — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Munuň özi türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän tutuş dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň Milletler Bileleşigi tarapyndan ykrar edilýändiginiň nobatdaky beýanydyr.

 

Ulag diplomatiýasynyň hukuk esaslaryny berkitmekde, döwletimiziň ulag pudagynyň mümkinçiliklerini has-da pugtalandyrmakda, bu ugurda kanunçylygy kämilleşdirmekde we durmuşa geçirmekde «Türkmenistanyň Prezidentiniň ulag diplomatiýasyny ösdürmegiň 2022 — 2025-nji ýyllar üçin Maksatnamasy» möhüm orun eýeleýär. Ýurdumyzyň milli ulag syýasatynyň esasy ugurlaryny özünde jemleýän bu resminamada ulag ulgamynda giň strategik maksatlary we çäreler toplumyny amala aşyrmak göz öňünde tutulandyr.

 

Ýurdumyzda ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýady we infrastrukturasy döwrebaplaşdyrýar. Geljegi uly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi bolsa durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. Bu babatda şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary bölegini ulanmaga berilmegi möhüm taryhy wakadyr.

 

Häzirki wagtda halkara ulag-logistika ulgamyndaky ösüşiň meseleleri boýunça gepleşikler barha oýlanyşykly çemeleşmelere, ählumumy ykdysadyýet üçin derwaýys häsiýete eýe bolýar. Şunuň bilen baglylykda, 26-27-nji noýabrda paýtagtymyzda «Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş — 2024» atly halkara maslahatyň hem-de serginiň geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Munuň özi Türkmenistanyň sebit we yklym ähmiýetli möhüm ulag-logistik merkez hökmünde eýeleýän ornuny has-da berkider.

 

Abdyresul NURBERDIÝEW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.