2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Parižde Halkara sergiler býurosynyň (BIE) Baş Assambleýasynyň 175-nji mejlisi geçirildi. Mejlise Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýetiň düzüminde Ilçi, BIE-niň ýanyndaky hemişelik wekil M.Çaryýew, Söwda-senagat edarasynyň başlygy M.Gurdow we Söwda we daşary aragatnaşyklar ministrliginiň wekilleri bardy.
Çäräniň dowamynda halkara sergilere taýýarlyk işleriniň gidişi, şeýle hem sergilerde agza döwletleriň işjeňligi bilen bagly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Wekiller degişli hasabatlary diňlediler we geljekde işleriň netijeliligini ýokarlandyrmak boýunça pikir alyşdylar.
Mejlisiň çäginde Türkmenistanyň wekiliýeti BIE-niň Baş sekretary D.Kerkentzes bilen gysga duşuşyk geçirdi. Söhbetdeşlikde Türkmenistanyň guramanyň Dolandyryş we býujet komitetine agzalygy bilen baglanyşykly meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Türkmenistanyň wekilleri ýurtimiziň BIE bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassykladylar.
Baş sekretar D.Kerkentzes türkmen tarapynyň işjeňligini we hyzmatdaşlygy ösdürmek baradaky tagallasyny ýokary bahalady. Ol BIE sekretariatynyň bilelikdäki işleriň has-da ösdürilmegi ugrunda yzygiderli tagalla etjekdigini nygtady.
Türkmenistanyň gatnaşmagy BIE bilen netijeli gatnaşyklaryň dowam etdirilýändigini we halkara sergi işlerinde ýurduň abraýynyň ýokarlanýandygyny görkezýär.
Dawut Döwletgeldiýew,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
3-nji ýyl talyby,
TKA-nyň talyp hakynyň eýesi.