Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň saglyk baradaky kanunçylygynyň binýady Garaşsyzlyk ýyllarynda döredildi. Ol binýat Berkarar döwletiň Bagtyýarlyk döwründe barha berkidilýär we kämilleşdirilýär. Häzirki wagtda Türkmenistan döwletimiziň saglygy goraýyş ulgamynda düýpli özgertmeler alnyp barylýar. Halkyň saglygyna degişli bolan hyzmatlaryň hili ýokarlandyrylýar. Ilat arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmek işi has hem ýaýbaňlandyrylýar.
1998-nji ýylda Türkmenistanyň saglygy goraýyşyny ösdürmegiň döwlet gaznasy döredildi. ”Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda ol gazna saglygy goramagyň maliýe üpjünçiliginiň bir çesmesidir. Olar ilaty kesellerden goramak maksady bilen ýokary hilli dermanlar we sanjym serişdeleri bilen üpjün etmäge sarp edilýär.
“Raýatlaryň saglygyny goramak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyny durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministirligi tarapyndan döwlet meýletin saglygy goraýyş ätiýaçlandyrmasyna degişli
“Türkmenistanyň raýatlary bilen döwlet meýletin saglygy goraýyş ätýaçlandyrmasyna şertnama baglanyşmagyň tertibi barada” düzgünnamany tassyklady. Bu düzgünnama boýunça raýatlarymyz saglygy goraýyş ulgamynyň hyzmatlaryny uly ýeňillikler bilen ulanyp bilýärler.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlyk ýyllarynda raýatlaryň saglygyny goramaga degişli şu aşakdaky möhüm Kanunlary, Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligiň buýruklary kabul edildi:
Türkmenistanyň Kanunlary:
● “Melhemçilik işi we derman üpjünçiligi hakynda”.
● “Iýmit ömümleriniň hili we howpsuzlygy hakynda”.
● “Ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goramak hem wagyz etmek we çaga iýmit önümlerine bildirilýän talaplar hakynda”.
● “Çaga hukuklarynyň kepillikleri hakynda”.
●”Adamyň immune ýetmezçilik wirusy sebäpli döreýän keseliň (AIW ýokaşmasynyň) öňüni almak hakynda”.
● ”Adatdan daşary ýagdaýlaryň öňüne almagy we ýok edilmegi hakynda”.
● “Çilim çekmekligiň, nas atmaklaryň gadagançylyklary”.
● ”Howanyň yssy döwründe açyk howada ýa-da ýapyk jaýlarda agyr mikroklimat şertlerinde işleýän zähmetkeşleriň iş şertlerini gowulandyrmak”.
● ”Neşe serişdeleri, psihotropmaddalar, prekursorlar we olaryň bikanun dolanşygyna garşy göreş çäreleri hakynda”.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany:
● ”Garaşsyz Türkmenistanyň Saglyk gününi bellemek, geçirmek hakynda”.
● “Türkmenistanyň Milli baýramyny – Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň gününi döretmek hakynda“.
● “Temmäki önümi bolan nasy Türkmenistanda öndürmegi, ýerlemegi, ulanmagy we Türkmenistana getirmegi gadagan etmek hakynda”.
Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararlary:
● ”Duzy ýodlamak we uny demir bilen rençlendirmek barada”.
● ”Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak babatda işiň aýry-aýry görnüşlerine ygtyýarlandyrmagy kämilleşdirmek hakynda”.
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we Derman senagaty ministrligiň buýruklary:
● ”Emeli tohumlandyrma we embriony implantasiýalamak (ýatga düwünçek goýmak) hakyndaky düzgünnamany tassyklamak we işini ýola goýmak barada”
● ”Ýokumly foliý turşusy we demir bilen baýlaşdyrylan uny öndürmek hakynda”
Şeýlelikde, biz saglygy goraýyş ulgamynda görlüp-eşdilmedik özgertmelere şaýat bolýarys. Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň kämilleşdirýän, berkidýän kanunçylyk binýady halkyň saglygyny goramaga gönükdirilendir we dünýä derejesine galdyrylandyr.
2007-nji ýylyň ýanwar aýynyň 1-den başlap Türkmenistan ýurdumyzyň un öndüriji kärhanalarynyň ählisinde foliý turşusy we demir bilen baýlaşdyrylan bugdaý ununy öndürmäge girişildi. Bu çäräni yzygiderli amala aşyrmak maksady bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň buýrugy esasynda berkidilen çözgüde laýyklykda, “Türkmen galla önümleri” assosiýasynyň we BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň (ÝUNISEF) özara düşünişmek we hyzmatdaşlyk barada Memoranduma gol çekildi. Bu memorandum laýyklykda, Türkmenistan zerur azyk goşundylaryň ählisini – mikroelementleri satynalmaga we iňzerurazyk önümi bolan uny demir bilen 100% ýagdaýda baýlaşdyrmaga borçlanýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu Karara gol çekmegi bilen ýurdumyzda anemiýanyň (ganazlygyň) öňüni almaga, eneleri we çagalary bu howply keselden goramaga, geljekki nesilleriň sagdyn dogulmagyny üpjün etmäge gönükdirilen çäreler toplumy 3/aýgytlaýjy ähmiýete eýe bolup durýar. 1996-njy ýyldan başlap ýodlaşdyrylan duzuň, 2000-nji ýyldan başlap, demir bilen baýlaşdyrylan unuň öndürilip başlanylmagy eneleriň sagdyn nesli kemala getirmäge we bäş ýaşa çenli çagalaryň arasynda anemiýanyň agyr görnüşlerini hem-de keseliň orta agyrlykly we ýeňil görnüşlerini ýok etmäge, keseliň orta agyrlykly we ýeňil görnüşlerine duçar bolýanlaryň sanyny azaltmaga mumkinçilik berdi. Häzirki zamanda durmuşa geçirilýän döwlet ähmiýetli çäreler bu keseli düýbünden ýok etmäge gönükdirilen görnüşde üstünlik gazanmaga ýardam edýär.
Türkmenistanda saglygy goraýyş ulgamynda waksina bilen ýokanç keselleriň öňüni almak iň ähmiýetli ugurlaryň biri bolup durýar.
Türkmenistan döwletimiz tarapyndan keselleriň öňüni alyş sanjymlary bilen her bir raýaty gurşap almak kepillendirilýär. Keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibine laýyklykda ilata öňüni alyş sanjymlary mugt geçirilýär.
Türkmenistanyň saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Döwlet arassaçylyk we keselleriň ýaýramagyna garşy göreş gullugy, çagalary ýokanç keselllerden goramakda uly işleri alyp barýarlar.
Ýörite Karara laýyklykda, ýurdumyzda çagalaryň, ýetginjekleriň we ýaşlaryň arasynda keselleriň öňüni alyş sanjymlarynyň milli tertibi tassyklandy (1-nji tablisa). Bu tertibe laýyklykda, ýurdumyzyň ähli ýerinde keselleriň öňüni alyş sanjymlary yzygiderli geçirilýär. Keselleriň öňüni alyş sanjymlary görkezilen ýaşda, bellenilen tertipde öz wagtynda geçirilmelidir. Sanjymlaryň geçiriliş tertibi bozulan halatynda olaryň täsiri peselýär. Öz wagtynda edilen sanjymlar çagany ýokanç kesellerden goraýar.
Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyzda milli tertibe laýyklykda öňüni alyş sanjymlarynyň talabalaýyk geçirilmeginiň netijesinde, çagalarda duş gelýän ýokanç keselleriň ýüze çykmak derejesi ep-esli peseldi. Soňky ýyllarda köp kesellere duşulmaýandygyny bellemek gerek.