Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy ✦ ✦ «COP29»: ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler ✦ ✦ Türkmenistan bilen BAE-niň söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi ✦ ✦ Ýaşlaryň döredijiliginde Aşgabat şäheriniň gözel keşbi ✦ ✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy
  25.11.2024
37
Türkmenistanda senagat ähmiýetli täze tebigy gaz akymy alyndy

«Galkynyş» gaz känindäki 265-nji belgili ulanyş guýusynda geçirilip, 4485 metr çuňlukda üstünlikli buraw işleri ýerine ýetirildi. Bu işleriň netijesinde, ýer astyndaky 4417 — 4281 we 4266 — 4226 metr aralygyndaky gatlaklardan her gije-gündizde 2 million kub metr tebigy gaz akymy alındy. Burawçylaryň bu üstünlikli işiniň, aýratyn tehniki we hünär taýdan çylşyrymly tehnologiýalaryň ulanylmagynyň üstünde durulýar. Bu barada Türkmenistanyň resmi metbugaty habar berdi.

 

«Galkynyş» gaz käni, dünýäde tebigy gaz gorlary boýunça dördünji orny eýeleýän Türkmenistanyň energetika kuwwatynyň beýanydyr. Bu gaz käni şu wagt ýurdumyzyň mawy ýangyjyň iň ygtybarly çeşmesi bolup hyzmat edýär we Türkmenistanyň dünýä derejesindäki güýçli energetika döwletine öwrülmegine giňden hyzmat edýär.

 

Türkmenistanyň energetika strategiýasy Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen, uglewodorod serişdeleriniň möçberini artdyrmak, energiýa serişdeleriniň eksport ugurlaryny diwersifikasiýalaşdyrmak, türkmen gazyny halkara bazarlara durnukly we ygtybarly ibermegiň ulgamlaryny döretmek, şeýle-de gazhimiýa önümlerini öndürmek üçin ýokary hilli gaýtadan işleýän pudaklaryň ösdürilmegine gönükdirilendir. Bu strategiýa hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.

 

Bägül REJEPOWA,
Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň talyby.