Bu gün Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti himiýa boýunça III Halkara Olimpiadany geçirmek bilen, dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen talyplary we alymlary birleşdirýär. Bu çäreden maksat, himiýa ylmyna gyzyklanmalary ösdürmek we halkara ylmy hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdyr.
Bäsleşik iki kategoriýada geçirilýär:
• A topary: Himiýa ugry boýunça ýöriteleşýän talyplar organiki däl, fiziki we organiki himiýa boýunça meseleleri ýerine ýetirýärler.
• B topary: Himiýa boýunça umumy taýýarlykly talyplar üçin testler we ýazuw meseleleri teklip edilýär.
Her toparda bir ýokary okuw mekdepden gatnaşýanlaryň sany dört talypdan (bakalawr we hünär boýunça) hem-de bir ýolbaşçydan (4+1 format) geçmeli däldir.
27-nji noýabrda bu çäräniň çäginde «Himiýany okatmagyň usulyýetiniň döwrebap kämilleşdirilmegi we himiki tehnologiýalaryň häzirki zaman ösüşi» atly halkara ylmy-amaly maslahat geçiriler. Maslahata Türkmenistanyň we daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we ylmy işgärleri gatnaşarlar.
Bu olimpiada dünýäniň dürli ýurtlaryndan alymlary, mugallymlary we talyplary birleşdirip, halkara hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we bilim derejesiniň ýokarlandyrylmagyna uly goşant goşýar. Olimpiadanyň netijeleri 30-njy noýabrda jemlenip, ýeňijilere medallar we diplomlar gowşurylar.
TDH - nyň maglumatlary esasynda taýýarlanyldy.