Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦
Baş sahypa / Syýasat /Türkmeniň goşa ganaty
  23.11.2024
229
Türkmeniň goşa ganaty

Watanymyzyň şöhratly ýollary barasynda söz açyp, hormatly Prezidentimiz: “Biziň döwletimiziň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde ilkinji we esasy şertimiz Watana bolan söýgimizdir! Watan biziň gözümiziň görejidir, Watan başymyzyň täjidir!” diýip belleýär. Alnyp barylýan ajaýyp işler biziň her birimiziň kalbymyzda Garaşsyzlygymyza guwanç, Bitaraplygymyza buýsanç, eziz Watanymyza söýgi duýgularyny bagyş edýär.

 

Bitaraplyk hem Garaşsyzlyk türkmeniň goşa ganaty. Bu bagta halkymyz asyrlarboýy eden arzuwlary, yhlas-myrady bilen ýetdi. Bu beýik derejeler türkmen halkymyzy täze belentliklere tarap alyp barýar. Il-ulusymyzyň parahatçylyga, asudalyga goýýan sarpasy uly. Çünki halkymyz parahatçylygyň gadyr-gymmatyna, many-mazmunyna oňat düşünýär. Asudalygy hemişelik goramagy, ony dünýäde üpjün etmegi maksat edinýär. Parahatçylykly, asuda ýaşaýyş türkmeniň zandyna ene süýdi bolup siňipdir. Enelerimiz öz hüwdi setirleri bilen nesilleriň aňyna batyrlygy, mertligi, ata Watany, ene topragy söýmegi siňdiripdir. Şeýdibem umumadamzat gymmatlyklaryna uly goşant goşupdyr.

 

Biziň döwletimiz 1991-nji ýylyň altyn güýzünde milli Garaşsyzlygyna eýe bolan ilkinji günlerinden başlap, Bitaraplyk ýörelgelerine eýerýändigini beýan etdi. 1995-nji ýylyň 12-nji dekabrynda BMG-niň 185 döwletiniň goldamagynda eýe bolan Bitaraplyk derejämiz bu günki gün özüniň ajaýyp miwelerini berýär. Türkmenistanyň Bitaraplyk ýörelgelerini dünýä ýüzi ykrar etdi. Bu Garaşsyzlykdan soň türkmen diplomatiýasynyň gazanan iň uly üstünligidir. Garaşsyzlygy, Bitaraplygy gazanmak bahasyna ýetip bolmajak ýeňiş. Şonuň üçin bu iki sütün milletiň baş baýramçylyklary, milli toýlary hökmünde milli hem halkara derejelerinde bellenilip geçilýär. Bu iki beýiklige hyzmat etmek, olaryň dabaralaryny artdyrmak, bu ugurda täze işleri berjaý etmek, täze sepgitlere ýetmek meselesi döwlet ýolbaşçysynyň öňünde jogapkärçiligi wezipe edip goýýar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe parahatçylygy gorap saklamak, Bitaraplygy ösdürmek meseleleri örboýuna galdy. Bu babatda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan işleri häzirki zaman dünýäsinde nusga alarlykly işler hökmünde umumy ykrarnama eýe boldy.

 

Hemişelik Bitaraplygymyzy halkymyzyň ynsanperwer ýörelgeleriniň dowamy hasaplap, onuň gadyr-gymmatyny has-da dabaralandyrýan hormatly Prezidentimiz 2014-nji ýylda Lebap welaýatynda bolup geçen Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatynda Bitaraplygymyzyň 20 ýyllyk toýunyň bellenjek senesi bolan 2015-nji ýyly “Bitaraplyk we parahatçylyk ýyly” diýip yglan etdi.

 

Hormatly Prezidentimiz özygtyýarly Garaşsyzlygymyzy Bitaraplygy ösdürmegiň täze strategiýalaryny işläp düzdi. BMG-niň beýik münberinden eden çykyşlarynda ýangyç geçirijileriň, sarp edijileriň hukuklaryny gorap, olaryň howpsuzlyk meselelerine seredilmelidigine ünsi çekdi. Merkezi Aziýada we Hazar deňziniň töwereklerinde ýerleşýän döwletleri parahatçylykly, dürli görnüşli ýaraglardan erkin zona öwürmek meseleleri boýunça uly işler alnyp baryldy. Hazaryň ekologik ýagdaýy, Aral meseleleri boýunça işleriň giň tapgyry amala aşyryldy. Sebitde BMG-niň öňüni alyş diplomatiýasynyň merkezi açyldy we bu ugurdan uly işler ýaýbaňlandyryldy. Häzirki zaman dünýäsinde ählumumy parahatçylygyň täze nusgasyny, ýagny oňyn parahatçylykly gatnaşyklar, hyzmatdaşlyklar arkaly ösdürmegini üpjün etmegiň zerurdygyny ýer ýüzüne aýan etdi we bu ugurlardan belent sepgitlere ýetildi. Şu işleriň ählisiniň sakasynda hormatly Prezidentimiziň durmagy bizi has hem buýsandyryp, täze ösüşlere alyp barýar. Ata-babalarymyzyň arzuw-umytlaryndan hasyl bolan Garaşsyz hem Baky Bitarap Türkmenistan döwletimiziň şan-şöhraty asyrlaryň, eýýamlaryň jümmüşinde ýaň salsyn!

 

Kakajan KAKAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.