Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Türkmen telekeçileri “TextileExpo Uzbekistan 2025” sergisine gatnaşmaga çagyrylýar
  30.11.2024
119
Türkmen telekeçileri “TextileExpo Uzbekistan 2025” sergisine gatnaşmaga çagyrylýar

Dokma, mata we lybas önümçiligi bilen meşgullanýan türkmen telekeçileri 2025-nji ýylyň 14–16-njy maýynda Daşkent şäherinde geçiriljek “TextileExpo Uzbekistan 2025” atly 24-nji halkara sergä gatnaşmaga çagyrylýar. Bu sergi Özbegistanyň bazaryna girmegi we öz önümlerini Merkezi Aziýanyň dokma senagatyna ýöriteleşen iri sergileriniň birinde tanyşdyrmagy isleýän türkmen öndürijileri üçin ajaýyp mümkinçilikdir.

 

Sergi döwlet edaralarynyň we pudaklaýyn birleşikleriň goldamagynda geçirilýär we dünýäniň öňdebaryjy önüm öndürijileriniň ýüplükden taýýar lybaslara çenli gazananlaryny görkezmek üçin amatly meýdança hödürleýär. Bu çäre Özbegistanyň dokma senagaty bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge ýardam berýär.

 

Her ýyl sergä 9 müňden gowrak hünärmen, şol sanda döwlet edaralarynyň we iri kärhanalaryň wekilleri gatnaşýar. Serginiň çäklerinde işewürlik maksatlaryny göz öňünde tutup, okuw sapaklary, işewürlik duşuşyklary, moda lybaslaryň görkezilişleri we ussatlyk sapaklary ýaly çäreler geçirilýär.

 

Nedir AGAÝEW,
Türkmenistanyň Daary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.