Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär
  23.11.2024
163
Türkmen oba hojalyk instituty bilim we ylmyň baglanyşygyny berkitýär

Türkmen oba hojalyk instituty bilimiň, ylmyň we ösümligiň özara baglanyşygyny berkitýär.
Türkmen oba hojalyk instituty, bilimiň, ylmyň we önümçiligiň özara baglanyşygyny berkitmäge gönükdirilen çäreleriň tapgyrlaryny geçirip, oba hojalyk ulgamynyň ösüşine güýçli goşant goşýar. Daşoguz welaýatynda geçirilen ylmy-amaly okuw maslahatlarynda, okuw mekdebiniň mugallymlary, talyplar, oba hojalyk öndürijiler we öňdebaryjy pudaklaýyn edara-kärhanalaryň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatlaryň 3 esasy tapgyry.
Ylmy-amaly okuw maslahatlary:

– Miweli baglaryň keselleri we olara garşy göreş
– Gowaçanyň seleksiýasy we tohumçylygy
– Däneli ekinleri ösdürip ýetişdirmegiň agrotehnikasy

Meýdan şertlerinde geçirilen okuwlar:
– Ekiniň dolanyşygy, bugdaýyň möçberi we toprak nusgalary
– Gowaça meýdanynda ylmy barlaglar

Ylmy-önümçilik maslahaty:
– Şorlaşan topraklary özleşdirmek
– Topragyň gurplulygyny ýokarlandyrmagyň usullary
– Ekinleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak üçin täze tehnologiýalar

Maslahatyň jemleri bilim ulgamynda ylmyň we önümçiligiň baglanyşygyny berkitmäge gönükdirilen netijeli usulyýetleriň işläp düzülmegine ýol açýar.

Çeşme: Turkmenistan.gov.tm

Begenç MÄMMETMYRADOW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby