logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň halkara başlangyçlary — parahatçylygyň we hyzmatdaşlygyň möhüm binýady ✦ ✦ Türkmenistanyň halkara abraýyny belende galdyrýan başlangyçlar ✦ ✦ Hyzmatdaşlyga we parahatçylyga bagyşlanan sammit ✦ ✦ Diplomatiýa — parahatçylygyň we dostlugyň köprüsi ✦ ✦ Sanly ösüş — döwrüň möhüm talaby ✦ ✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Medeniýet — halkyň ruhy baýlygy ✦ ✦ Sport — sagdynlygyň gözbaşy ✦ ✦ GDA-da hyzmatdaşlygyň täze tapgyry ✦ ✦ Biodürlüligi goramak geljegi goramak ✦
Baş sahypa / Sport /Türkmen itleriniň häsiýetleri barada
  22.04.2021
1373
Türkmen itleriniň häsiýetleri barada

    Ýagny, eýesine wepalylygy, duýgurlygy, garadan gaýtmazlygy,  syzyjylygy, akyllylygy, ähli maşgala agzalaryna hoşgylawlygy, eýesiniň sesini eşdeninden onuň näme isleýändigine düşünmegi bolsa türkmen alabaýlaryny tapawutlandyrýan esasy aýratynlyklar hasaplanylýar. Adamlar awa-şikara çykanlarynda, uzak ýerlere mal bakmaga gidenlerinde öýleriniň ýa-da goşlarynyň, düşelgeleriniň gapysyna gulp urmaýarlar. Çünki olaryň yzlarynda wepadar goragçylary galýar, olar öz maşgalalarynyň howpsuzlugyny doly ynanýarlar. Türkmen itleriniň bar ýerlerine ýylan, möý-içýanam gelmeýär. Gadym wagtlardan bäri alabaý köpekleri ýeke bir mal iti hökmünde ulanylman, eýsem sakçy, garawul hökmünde peýdalanylyp gelinýär. Orta Aziýa alabaýlary häzirki döwürde gorag, sakçy we yzçy itleriň içinde iň öňdäki orunlarda saklanýar.

Şonuň ýaly hem alabaýlar iri ýyrtyjy haýwanlaryň garşysyna hem ýaraýar. Türkmen alabaýlary Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda özleriniň adamyň ygtybarly, wepaly kömekçilerdigini ýokary derejede subut etdiler. Türkmenistandan urşa ýeke bir batyr esgerler däl, eýsem batyrgaý itlerem ugradyldy. Bu itleriň şir ýürekli merdana ýigitler bilen bilelikde Moskwadan Berline çenli söweş ýoluny geçendiklerini bellemek bolar. Türkmen itleri ok-därileri gatnatmakda bahasyna ýetip bolmajak hyzmatlary ýerine ýetirdiler. Olar ýaralanan esgerleri söweş meýdanyndan çykarmakda uly işleri alyp bardylar.