Ösen tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylýan döwründe innowasion ykdysadyýeti ösdürmek wajyp ugurlaryň hatarynda durýar. Şunda ykdysadyýetiň täze ugur boýunça ösdürilmegine gönükdirilýän tagallalar oňyn netijesini berýär. Ykdysadyýetiň ähli ugurlaryna häzirki zamanyň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň, sanly ulgamyň we emeli aňyň tapgyrlaýyn esasda ornaşdyrylýandygy bellenilmäge mynasypdyr. Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 26-27-nji noýabrynda paýtagtymyzda geçirilen «Innowasiýalar, täze tehnologiýalar we olary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri» atly III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumy möhüm ähmiýete eýedir. Forum Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda ýaýbaňlandyrylyp, oňa Hytaý Halk Respublikasynyň ylym we tehnologiýalar ministriniň orunbasary hanym Lin Sin, şeýle-de dostlukly ýurduň ylmy-barlag merkezleriniň ýolbaşçylary, ylmy işgärleri, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary gatnaşdylar.
Bu çäräniň maksady ýurdumyzyň ykdysadyýetiniň dürli pudaklarynda öňdebaryjy innowasion çözgütleri durmuşa geçirmegiň we milli innowasiýa ulgamyny ösdürmegiň aýratynlyklarynyň meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga, Türkmenistanyň we Hytaý Halk Respublikasynyň arasynda ylmy-tehniki hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek barada gazanylan ylalaşygy ýerine ýetirmäge gönükdirilendir.
Forumyň dowamynda bilelikde alnyp barlan işleriň netijeleri, iki ýurduň ugurdaş edaralarynyň arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Mejlisiň çäklerinde taraplar soňky ýyllarda okgunly ösdürilýän we strategik hyzmatdaşlyk derejesine eýe bolan döwletara dialogyň däp bolan dostluga, ynanyşmaga esaslanýan häsiýetini kanagatlanma bilen bellediler. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynda Türkmen-hytaý ylmy-tehniki hyzmatdaşlyk merkezini döretmek meselesi ara alnyp maslahatlaşylan esasy mowzuklaryň biri boldy.
Iki ýurduň ylmy toparlarynyň wekilleriniň arasynda özara hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek boýunça pikir alyşmalar indi üçünji gezek geçirilýän türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň çäklerinde dowam etdi. Onuň çäklerinde guralan sergi döwletiň we jemgyýetiň durmuşynyň ähli ugurlaryna innowasiýalaryň, öňdebaryjy tehnologiýalaryň işjeň ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berýän Türkmenistanyň ýokary ösüş derejesi bilen tanyşmaga mümkinçilik döretdi.
III türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň jemleri boýunça birnäçe ylalaşyklar gazanyldy. Munuň özi türkmen-hytaý ylmy-innowasion forumynyň köpugurly we netijeli häsiýete eýe bolandygynyň aýdyň güwäsidir.
Batyr NURMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.