Tejen etrabynyň Tejen şäher medeniýet öýünde ýurdumyzda her ýyl uly dabara bilen bellenilip geçilýän Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet bölüminiň bilelikde gurnamagynda geçirilen “Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň buýsanjydyr” atly geçirilen aýdym- sazly baýramçylyk dabarasy şatlyk-şowhuna baýlygy bilen tapawutlandy.
Baýramçylyk dabarasynda medeniýet we sungat ussatlarynyň taýýarlan aýdym-sazly çykyşlary, gülkili sahna oýunlary, dutarçylar toparynyň şowhunly sazlary baýramçylyk dabarasyna gatnaşanlarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrdy. Baýramçylyk dabarasynda ýurdumyzda milli baýramlarymyzy giňden belläp geçmäge uly mümkinçilik berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza alkyşly sözlerini beýan etdiler.
Her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy uly dabara bilen bellenilip geçilýär.
Guwanç Nuratow,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň
Ahal welaýatynyň Tejen etrap
birleşmesiniň başlygy.