Türkiýe Respublikasynyň 70-den gowrak kompaniýasy 5-6-njy dekabrda Aşgabatda geçiriljek eksport harytlarynyň söwda sergisine gatnaşar.
Sergide senagat enjamlary, gurluşyk serişdeleri, derman we dokma senagatynyň önümleri ýaly dürli harytlar görkeziler.
Logistika we hyzmatlar ulgamyna ýöriteleşen kompaniýalara aýratyn orun berler. Şol bir wagtyň özünde Türkmen-türk işewürlik geňeşiniň mejlisi geçiriler.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow türkmen-türk gatnaşyklarynyň ähmiýetini nygtap, serginiň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek maksady bilen wise-premýere birnäçe tabşyryklary berdi. Hökümet mejlisinde beýleki döwlet meselelerine-de garaldy.
Baýramgeldi ANNAMYRADOW,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag
şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.