Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy ✦ ✦ «COP29»: ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler ✦ ✦ Türkmenistan bilen BAE-niň söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi ✦ ✦ Ýaşlaryň döredijiliginde Aşgabat şäheriniň gözel keşbi ✦ ✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Taryhymyz — gymmatly mirasymyz
  02.12.2024
69
Taryhymyz — gymmatly mirasymyz

Türkmen halkynyň genji-hazynalary we bahasyna ýetip bolmajak gymmatlyklary bolan baý geçmiş taryhy bar. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň öňe sürýän oňyn döwlet syýasatynyň netijesinde türkmeniň müňýyllyklardan eriş-argaç bolup geçýän taryhyna uly üns berilýär. Ýurdumyzda taryhy we medeni ýadygärlikleri gorap saklamaga, türkmeniň milli mirasyny köpçülige wagyz etmäge uly ähmiýet berilýär. Gadymy Merw topragynyň, Köneügenjiň we Gadymy Nusaýyň tebigy ýadygärlikleriniň BMG-nyň ylym, bilim we medeniýet meseleleri boýunça ýörite guramasy hasaplanylýan ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilmegi ata Watanymyzda taryhy gymmatlyklara uly ähmiýet berilýändiginiň aýdyň subutnamasydyr.

Alym Gahryman Arkadagymyzyň “Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet” atly kitabynda türkmen halkynyň geçmiş mirasy barada söz açýan maglumatlar giňden beýan edilýär. Geçmişi bolmadygyň geljegi bolmaýar. Islendik bir şahs taryhyň esasynda terbiýelenýär. Geçmiş mirasymyzy, türkmen halkynyň şöhratly däp-dessurlaryny, bäş müň ýyllyk taryhy ýoluny, milli medeniýetini çuňňur öwrenmeklik taryh ylmynda döwrebap baş çykarmaklygy talap edýär. Milli medeniýetimizdir köp asyrlyk sungatymyza, taryhy-medeni we arheologiki ýadygärliklerimize, taryhda şahsyýetlerimiziň bitiren ägirt uly hyzmatlaryna, edermen-gerçeklermiziň döreden syrly sahypalaryna hormat goýmak her bir ösüp gelýän ýaş nesliň mukaddes borjudyr. Taryhda ata-babalarymyzyň ekerançylyk, maldarçylyk, senetçilik kärleri bilen meşgullanmagy, söwda we ýük daşamak kärleriniň ösdürilmegi, biri-birinden üýtgeşik ymaratlaryň gurlup, obadyr şäherleriň döredilmegi, agzybirlik netijesinde milli gymmatlyklara, däp-dessurlara sarpa goýulmagy, türkmen topragyny gaýry duşmanlardan goramak bilen baglanyşykly jeňlerde  gtaýduwsyzlygyň, edermenlik nusgalarynyň görkezilmegi, dürli döwürlerde bolan wakalar esasynda golýazmalaryň galdyrylmagy geçmiş-mirasymyza salgylanmaga mümkinçilik döredýär.

Şöhratly türkmen taryhyny öwrenip, nusgalyk terbiýe mekdebi hökmünde geljekki nesillere ýetirmekde we giňden dünýä ýaýmakda asyrlara barabar işleri durmuşa geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun! Gymmatlyklara baý bolan medeni mirasymyzy we taryhymyzy öwrenmekde amala aşyrýan tutumly işleri rowaçlyklara beslensin!


Eziz Toýlyýew

Myrat Garryýew adyndaky 
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş 
ylymlary kafedrasynyň mugallymy.