Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Talyp gyzlaryň arasynda milli döredijilik bäsleşigi geçirildi
  26.11.2024
176
Talyp gyzlaryň arasynda milli döredijilik bäsleşigi geçirildi

Türkmen halkynyň baý medeni mirasy, şol sanda zenanlaryň el hünärleri nesilden-nesle geçirilip, häzirki döwürde hem mynasyp dowam etdirilýär. Bu asylly däp, ýaşlary halkymyzyň milli gymmatlyklaryna hormat goýmak, zähmet söýgüsini artdyrmak hem-de döredijilik başarnyklaryny ösdürmek ruhunda terbiýelemek işine uly goşant goşýar.
Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda “El hünäri – il gezer” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bu çäre institutyň ilkinji Zenanlar guramasy tarapyndan gurnaldy we talyp gyzlaryň arasynda milli el işlerini höweslendirmegi maksat edinýärdi. Bäsleşikde talyplar milli el işleriniň dürli görnüşlerini, şol sanda basma keşde, kürte we tahýa tikmek, alaja hem-de jorap örmek ýaly däp bolan işleri ýerine ýetirdiler.
Bäsleşik dabarasy institutyň Kuwwat aýdym-saz we tans toparynyň höwesjeň ýaşlarynyň çykyşlary bilen has-da dabaralandy. Dabara gatnaşyjylar türkmen halkynyň baý medeni mirasynyň geljekki nesillere ýetirilmegi, onuň dünýä ýaýylmagy ugrunda alnyp barylýan giň möçberli işleri makulladylar.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagyň hem-de Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdaryň ýaşlaryň bilimine, döredijiligine, milli gymmatlyklaryna goýýan aýratyn ünsleri bu bäsleşigiň üstünlikli geçmeginde aýratyn ähmiýete eýedir.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim ministrligi

Eziz BATYROW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby