logo

Latest news:
✦ Gaýtadan dikeldilýän energiýa boýunça startap bäsleşigi geçirildi ✦ ✦ Türkmen-hytaý işewürler forumy geçirildi ✦ ✦ Ýylyň şygaryna bagyşlanan halkara ylmy tegelek stol maslahaty geçirildi ✦ ✦ Türkmen wekiliýeti UNESCAP-yň 82-nji sessiýasyna gatnaşdy ✦ ✦ Himiýa senagaty - ösüşiň täze hereketlendiriji güýji ✦ ✦ Halkara ylmy maslahatda innowasiýa meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Türkmenistanda adam maýasyny ösdürmekde Petronas bilen bilim gatnaşyklary ösdürilýär ✦ ✦ Türkmenistanda ylmy we innowasion ösüşe bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Ykdysady žurnalistika boýunça açyk sapak geçirildi ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Gazagystan Respublikasyna iş sapary başlandy ✦
Home / Sports /Saglyk biziň baýlygymyzdyr!
  16.04.2020
877
Saglyk biziň baýlygymyzdyr!

    Ýurdumyzyň esasy ýörelgeleriniň biri „Halkymyzyň saglygyny goramak we pugtalandyrmak, jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerini ornaşdyrmak“ bolup, raýatlarynyň saglygyna aýratynda ösüp gelýän ýaş nesillerimiziň berk bedenli eziz Watanymyzyň ygtybarly geljegi bolup ýetişmeklerine gönükdirilendir.

    Ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda geçirilýän düýpli özgertmeler netijesinde, ilatymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertleri gowulanýar, olaryň ömrüniň ortaça dowamlylygy artýar. Ýurdumyzda gurlan we gurulýan saglyk maksatly desgalar ylmy taýdan esaslanyp gurulmagy, lukmançylygyň ykdysady taýdan netijeli bolmagyna ýardam berýär. Ilatymyzyň bökdençsiz saglygy goraýyş hyzmatlary bilen üpjün edilmegi, ýokanç keselleriň öňüni alyş sanjymlaryň meýilnama esasynda we goşmaça gerek bolan öňüni alyş sanjymlary meýilnama laýyklykda üpjün edilmegi, keselleýjiligiň ýyl-ýyldan azalmagyna ýardam berýär.

      Ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmekde, maglumat üpjünçiligini we dolanyşygyny kämilleşdirmekde saglygy goraýyş pudagynda ähli ulgamlar bilen bir hatarda hem elektron resminamalar dolanyşyk ulgamy döredildi. Saglygy goraýyş edaralarynda elektron maglumat ulgamy ornaşdyryldy. Ýurdumyzda tehnologiýalar ulgamyny durmuşa geçirmekde telelukmançylygyň orny uludyr. Telelukmançylygyň esasy maksady, lukmanlaryň iş tejribesini kämilleşdirmek, talyplary, ýaş lukmanlary daş aralykdan okadyp, olaryň bilimini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr. Döwletimizi ösdürmekde ýurdumyzda giň gerimli işler alnyp barylýar. Moskwa şäheriniň, Awstriýa döwletiniň başga-da köp döwletleriň lukmançylyk uniwersitetleriniň ýardam bermeginde dürli keseller hakynda ýerli lukmanlarymyz daşary ýurtly kärdeşleri bilen göni ýaýlymda telearagatnaşyk arkaly okuw maslahatlaryny geçirýärler.

      Türkmenistan Bütindünýä Saglygy goraýyş keselleriň orta agyrlykly we ýeňil görnüşlerine duçar bolan syrkawlaryň sanyny azaltmak baradaky teklibini ilkinjileriň hatarynda goldady. Şeýle maksat bilen ýurdumyzda ýodlaşdyrylan duzuň, demir bilen rençlendirilen unuň önümçiligi ýola goýuldy. Halkara geňeşiň agzalary Türkmenistanda nahar duzunyň halkara ölçeglere laýyklykda ýodlaşdyrylandygyny tassykladylar. Netijede biziň ýurdumyz ýod ýetmezçiligini aradan aýyrmak boýunça edilýän ýokary gözegçiligi üçin Halkara güwänama eýe boldy.

      Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Milli ýöriteleşdirilen barlaghanasyna 2016-njy ýylda berlen Halkara güwänama ýurdumyzda gyzzyrmany anyklamagyň hiline gözegçilik edilişine uly baha berilýändiginiň subutnamasy boldy. 2017-nji ýylda ýurdumyzyň barlaghanalary hem-de ýokanç keselleri merkezleri müdiriýetiniň Merkezleşdirilen barlaghanasy mikroskop arkaly bakteriologiki ekim, molekulýar - genetiki anyklaýyş usullary boýunça Sertifikata mynasyp boldy.

     Türkmenistanda ilatyň saglygyny goramak, halk köpçüliginiň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini ornaşdyrmak arkaly keselleriň öňüni almak boýunça nusgalyk işler amala aşyrylýar.