logo

Latest news:
✦ «Ýaşlyk» keramzit zawody ýedi aýda 9,7 million manatlyk önüm öndürdi ✦ ✦ Türkmen elektrik energiýasynyň eksport mümkinçilikleri giňelýär ✦ ✦ Altyn asyr etrabynda 17 müň 200 gektarda gowaça idegi tamamlanýar ✦ ✦ Gökdepede 960 orunlyk täze mekdep açylýar ✦ ✦ Türkmenistan bilen PETRONAS bilim hyzmatdaşlygyny ösdürer ✦ ✦ Gülälek Akmyradowa «Ykbal öwrümi» gepleşiginiň ilkinji sanynda ✦ ✦ Sagdyn ýaşaýyş tebigatdan başlanýar ✦ ✦ Ösümlik ýagynyň önümçiliginiň inçe syrlary ✦ ✦ Türkmenistanyň oba hojalygynda önümçilik kuwwaty yzygiderli ýokarlanýar ✦ ✦ Türkmenistan GDA ýurtlaryna pomidor eksport etmekde öňdebaryjy orun eýeleýär ✦
Home / Sports /Saglyk-ähli baýlykdan zyýat
  17.07.2021
1026
Saglyk-ähli baýlykdan zyýat

      Ýurdumyzyň dermanlyk ösümliklerini nazary taýdan öwrenmek hem-de bu ugurda senagat önümçiligini ösdürmekde Prezidentimiziň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli  ylmy-ensiklopedik  kitaby  gollanma bolup  hyzmat edýär. Milli Liderimiziň ylmy-ensiklopedik eserinde belleýşi ýaly, ene topragymyz dermanlyk ösümlikleriniň dünýäde seýrek duş gelýän-endemik hem-de iň gadymy–relikt görnüşleriniň ençemesiniň saklanyp galan mekanydyr.

         Sahawatly topragymyzyň dürli künjeklerinde köp duş gelýän derman otlarynyň biri-de çopantelpekdir. Onuň boýy 20-40 santimetr bolup, iýmit siňdiriş ulgamynyň işini kadalaşdyrýan derman serişdesi hökmünde gadymy döwürlerden bäri milli tebipçilikde ulanylyp gelnipdir. Ondan dermanlyk çaýyny taýýarlamagyň usuly hem ýönekeýdir. Munuň üçin Günüň tygy düşmeýän ýerde guradylan çopantelpegiň 10 gramynyň üstüne 200 millilitr gaýnan suw guýup, 20-30 minit saklamaly, ergin sowandan soň, otuny süzüp alyp, günde iki-üç gezek nahardan soň 1.2-1.3 bulgur içibermeli. Lukmançylyk ylmy edebiýatlarda çopantelpegiň gülleriniň efir ýagyna we askorbin turşusyna we beýleki ynsan saglygyny goramak üçin örän ähmiýetli witaminlere baýdygy ýazylýar. Onuň, esasan bagyr we öt agyrysyna, aşgazan we onkibarmak içegede ýara dörände, ýogyn we inçe içegeleriň keselleriniň, iç ýellenmäniň bire-bir emidigi bellenilýär. Ol damak mäzleriniň sowuklama  kesellerinde we diş agyryda ulanylýar.

          Biziň keramatly topragymyzyň arassa howasy, jana tenekar suwy, öz peýwagtyna ösüp, gülläp, miweleýän ösümlikleri, al-reýhan lälezarlyklara beslenýän gülälekli meýdanlary ynsan saglygy üçin tebigy şypadyr.