Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ýewropa Bileleşiginiň medeniýet hepdeligi geçirilýär ✦ ✦ Bütindünýä durnukly ulag güni ✦ ✦ Daşary ýurt dilleri kämilleşdirilýär ✦ ✦ Körpe nesiller hakda alada ✦ ✦ Bitaraplyk — köňülleriň birligi ✦ ✦ Türkiýe Respublikasynyň 70-den gowrak kompaniýasy sergä gatnaşarlar ✦ ✦ Türkmenistanyň işewür toparlarynyň wekillerini Hytaýdaky sergilere çagyrýarlar ✦ ✦ Kiýew şäherinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli medeni çäre geçirildi ✦ ✦ Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi ✦ ✦ Arkadag şäheri — gelejegiň şäheri ✦
Baş sahypa / Medeniýet /Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi
  26.11.2024
13
Pekinde Magtymguly Pyragynyň goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi

2024-nji ýylyň 24-nji noýabrynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetinde «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy we Hytaý bilen Merkezi Aziýanyň arasyndaky ynsanperwer gatnaşyklar» atly ylmy maslahat geçirildi. Şeýle hem, Magtymguly Pyragynyň 100 sany saýlanan goşgularynyň hytaý dilindäki täze neşiriniň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň web-saýtynda habar berildi.

 

Maslahatyň dowamynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan we Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçisi P. Durdyýew çykyş etdiler. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň ähmiýeti we halklar arasyndaky dostlukly gatnaşyklary ösdürmedäki orny bellenildi. Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň howandarlygynda we Türkmenistanyň Ilçihanasynyň goldaw bermeginde, şahyryň 1000 nusgada çap edilen goşgular ýygyndysynyň täze hytaý dilindäki terjimesi boýunça alnan işleriň aýratynlygy aýdyňlaşdyryldy. Bu terjime, Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň professory Daý Guýsýu tarapyndan ýerine ýetirildi.

 

Magtymguly Pyragynyň «300 ýyllygy» mynasybetli çap edilen bu kitapda, şeýle hem Türkmenistan Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlar geňeşiniň makalalary we Hytaýyň atçylyk assosiasiýasynyň Baş sekretary Ýue Gaofenanyň sözbaşy bar. Çäräniň dowamynda Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň türkmen bölüminde okýan talyplar, Magtymguly Pyragynyň goşgularyny türkmen we hytaý dillerinde okadylar. Soňra, Türkmenistanyň Ilçisi we beýleki myhmanlar, şahyryň hytaý dilindäki goşgular ýygyndysynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdiler.

 

Maslahatyň çäginde, Türkmenistanyň Ilçisi Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektory, professor Szýa Wenszýan bilen duşuşdy. Duşuşykda, iki ýurt arasynda türkmen we hytaý dillerini öwrenmäge, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň goşgularyny terjime etmäge degişli işleriň dowam etdirilmegine ünsi çekildi. Şeýle hem, iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Duşuşygyň ahyrynda, Türkmenistanyň Ilçisi Pekiniň Daşary ýurt dilleri uniwersitetiniň rektoryna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabyny sowgat berdi. 

 

Güljana GARÝAGDYÝEWA,
Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag
şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.