Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda oba hojalygyna degişli ylmy-barlag institutlarynyň işi döwrüň talabyna laýyklykda döwrebaplaşdyrylýar. Ýurtda ylmy-barlag pagtaçylyk institutynyň düzümi giňeldilip, bu ýerde seçgi alymlary tarapyndan orta we inçe süýümli gowaçanyň täze sortlary döredilýär we olaryň önümçilige ornaşdyrylmagy bilen meşgullanylýar.
Ýurdumyzyň oba hojalygynda bugdaý we pagta ekinleriniň satyn alyş nyrhlarynyň ýokarlandyrylmagy, zähmetsöýer daýhanlary işlerine höweslendirmekde uly itergi boldy. Şeýle goldaw oba hojalyk pudagynyň ösüşine goşant goşmak bilen, öndürijiligi artdyrmakda we daýhanlaryň durmuş-ykdysady ýagdaýlaryny gowulandyrmakda möhüm ädimdir.
Soňky ýyllarda ýurdumyzda bugdaýyň we gowaçanyň bol hasyl berýän sortlarynyň döredilip, önümçilige ornaşdyrylmagy oba hojalygynda netijeliligi ýokarlandyrdy. Mysal üçin, orta süýümli gowaçanyň “Garaşsyzlyk – 30”, “Ýolöten – 50”, “Ýolöten – 53” we bugdaýyň “Ýolöten – 1”, “Ýolöten – 3” sortlary ekin meýdanlarynda giň gerimde ulanylýar. Bu sortlaryň ýokary hasyllylygy daýhanlaryň öndürijiligini ýokarlandyryp, oba hojalyk önümçiliginde täze sepgitlere ýetmäge mümkinçilik berýär.
Hormatly Prezidentimiz ýaňy ýakynda geçirilen sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde geljek ýylda ýerden, suwdan, oba hojalyk tehnikalaryndan, mineral dökünlerden netijeli peýdalanmak maksady bilen, “Türkmenistanda 2025-nji ýylda gowaçanyň ýokary hasylyny ýetişdirmek hakynda” Karara gol çekdi.
Täze sortlaryň önümçilige girizilmegi oba hojalygynyň innowasion ösüşine itergi berýär. Bu işler ekin meýdanlarynyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, oba hojalyk önümçiliginde öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak we daýhanlaryň önümçilik kuwwatyny artdyrmak ýaly ugurlarda uly mümkinçilikleri açýar. Şeýle hem, ýokary hilli tohumlaryň ulanylmagy eksport mümkinçiligini artdyrýar we ýurdumyzyň oba hojalyk önümleriniň dünýä bazaryndaky abraýyny ýokarlandyrýar.
Oguljemal Arnajumaýewa,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň weterinar lukmançylygy fakultetiniň talyby.