logo

Soňky täzelikler:
✦ «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitap ýapon dilinde neşir edildi ✦ ✦ Türkmenistanyň wekiliýeti Baku şäherinde geçirilen Medeniýetara dialog boýunça VII Bütindünýä forumyna gatnaşdy ✦ ✦ Baku, Ýerewan sammitleri: tebigatyň goragynda ✦ ✦ Ahal welaýatynda täze pomidor ýyladyşhanasy açyldy ✦ ✦ Maryda «Täze aý» haryt nyşanly süýt önümçiligi kärhanasy işe girizildi ✦ ✦ BMG: dünýäde klimat maksatlaryna ýetmek üçin görülýän çäreleri güýçlendirmek zerur ✦ ✦ BMG: El-Ninýo hadysasy soňky 40 ýylyň iň güýçli derejesine ýetip biler ✦ ✦ Aşgabatda türkmen alabaýyna we tazysyna bagyşlanan halkara ylmy maslahat geçirildi ✦ ✦ Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Hytaýda geçiriljek dünýä çempionatynda çykyş eder ✦ ✦ «OGT 2026-da» nebitgaz pudagynda hyzmatdaşlyk boýunça birnäçe resminama gol çekildi ✦
Baş sahypa / Oba hojalygy /Oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmagyň röwşen ýolunda
  24.01.2023
1273
Oba hojalygynyň netijeliligini artdyrmagyň röwşen ýolunda

Oba hojalyk toplumy milli ykdysadyýetimiziň möhüm pudagy bolup, ol senagaty çig mal bilen, ilaty azyk bolçulygy bilen üpjün edýär we netijede bolsa halk hojalygynyň ösmegine kuwwatly itergi berýär. Soňky ýyllarda hususy telekeçiligiň döwlet tarapyndan goldanylmagy netijesinde bu pudak bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli türkmen önümleriniň daşary ýurtlara iberilýän möçberlerini artdyrmakda hem oňyn netijeleri berýär. Arkadagly Serdarymyz tarapyndan obasenagat toplumynyň netijeliligini ýokarlandyrmakda, ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmekde dünýäniň ösen, öňdebaryjy tejribesini ornaşdyrmaga we bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge möhüm ähmiýet berilýär. Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan, häzirki wagtda Arkadagly Serdarymyz tarapyndan mynasyp dowam etdirilýän obalaryň durmuş we ykdysady taýdan ösmegini üpjün etmäge, oba hojalyk önümlerini öndürijiler üçin ýeňillikli şertleri döretmäge, innowasion tehnologiýalary we döwrebap usullary ornaşdyrmaga gönükdirilen özgertmeler bu toplumyň okgunly ösmeginiň kepilidir. Ýurdumyzda gallaçylyk we pagtaçylyk bilen birlikde, maldarçylyk, guşçulyk, gök-bakjaçylyk, miweçilik, üzümçilik, balaryçylyk ýaly pudaklar hem okgunly ösüşe eýe bolýar.

Şeýle-de ýer-suw serişdelerini netijeli ulanmagyň usullaryny mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, oba hojalyk önümçiligine ylmyň we sanly tehnologiýalaryň gazananlaryny ornaşdyrmak, pudagy mineral dökünler bilen üpjün edýän himiýa senagatynyň önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek ýokary depginde alnyp barylýar. Munuň özi obasenagat toplumynyň eksport kuwwatyny artdyrmaga mümkinçilik berýär. Häzirki döwürde goýulýan iri möçberli maýa goýumlar döwrebap oba hojalyk önümçiliklerini we täze iş orunlaryny döretmegiň esasy hökmünde çykyş edýär. Ýurdumyzyň sebitlerinde hususy önüm öndürijilere bellenen tertipde bugdaý, gowaça we döwlet tabşyrygyna girýän beýleki oba hojalyk önümlerini ýetişdirmek üçin ýer bölekleri bölünip berilýär. Oba hojalyk önümçiliginde döwrüň talaplaryna laýyklykda, täzeçil usullarynyň ulanylmagy kiçi we orta telekeçiligi ösdürmeklige giň mümkinçilikleri açýar.

Ekin meýdanlaryny suw bilen üpjün etmäge we olaryň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmaga, obasenagat toplumynyň tehniki binýadyny berkitmek üçin dünýäniň esasy önüm öndürijilerinden oba hojalyk tehnikalaryny satyn almaga ägirt uly maliýe serişdeleri bölünip berilýär. Bu bolsa toplumyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, täze tehnikalar bilen üpjün edilmegine, zähmet öndürijiliginiň ýokarlanmagyna, pudagyň durnukly ösüşiniň üpjün edilmegine ýardam berýär. Döwrebap suw tygşytlaýjy tehnologiýalary hem-de ylmyň iň soňky gazananlaryny önümçilige ornaşdyrmak arkaly suw serişdelerini rejeli ulanmak oba hojalyk toplumynda amala aşyrylýan giň gerimli meýilnamalaryň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. 

 

Saýara BALTAÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.