Maşgala, adamyň ilkinji terbiýe ojagydyr. Çaga dünýä inen ilkinji pursadyndan başlap, maşgaladaky gatnaşyklary, ahlak ýörelgelerini, we durmuş endiklerini özleşdirýär. Türkmençilikde maşgalanyň, aýratyn-da ene-atalaryň terbiýeçilik roly belent tutulýar. Çaganyň ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegi, watançylyk, dostluk, we hormat goýmak ýaly gymmatlyklary özleşdirmegi maşgalanyň beren terbiýesiniň netijesidir.
Maşgala terbiýesi çaga diňe bir ahlak ýörelgelerini öwretmek bilen çäklenmän, oňa şahsyýet hökmünde jemgyýetde öz ornuny tapmaga kömek edýär. Ata-eneler, öz göreldesi arkaly, çagalara dürs ýol-ýörelge görkezýärler. Türkmen halkynyň «Ene mekdep, ata terbiýe» diýen nakyly, maşgalada terbiýäniň möhüm ornuny aýratyn nygtaýar.
Türkmen maşgalasynda ahlak kadalary, ynsap, dogruçyllyk we hoşniýetlilik ýaly gymmatlyklaryň nesilden-nesle geçirilmegi aýratyn ähmiýete eýe. Çaganyň bu ýörelgeleri ir ýaşdan özleşdirmegi, onuň geljekde jogapkärli, şahsyýeti berk adam bolup ýetişmegine şert döredýär.
Maşgala, jemgyýetiň ilkinji gurluş birligi hökmünde, ýaş nesliň terbiýesini we ösdürilmegini üpjün edýär. Ýurdumyzda bu mesele döwlet derejesinde-de goldanýar. Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen ýaş nesil üçin döwrebap bilim we döredijilik merkezleriniň açylmagy, maşgalalaryň terbiýeçilik işlerini kämilleşdirmäge ýardam berýär.
Aýjahan Muhammedowa,
Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň 2-nji ýyl talyby.