logo

Soňky täzelikler:
✦ Hormatly Prezidentimiz güýzki ählihalk bag ekmek möwsümine badalga berdi ✦ ✦ Söz baýlygy aýdyň pikiriň açary ✦ ✦ “Aşgabat – Daşoguz” awtomobil ýoluny gurmak barada şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi ✦ ✦ Türkmen önümleri Şanhaýdaky halkara sergide tanyşdyrylýar ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystana iş sapary tamamlandy ✦ ✦ «Ykbal öwrümi»: Dursun Tekäýewa bilen täsirli söhbetdeşlik ✦ ✦ Aýdym-sazly okuw maslahaty geçirildi ✦ ✦ Adam hakdaky alada ✦ ✦ Sanly gurşawyň ähmiýeti ✦ ✦ Biodürlüligiň goragynda ✦
Baş sahypa / Tehnologiýa /Kosmos zibilleri üçin işjeň galyndylary arassalaýjy robot işlenip düzüldi
  24.03.2024
764
Kosmos zibilleri üçin işjeň galyndylary arassalaýjy robot işlenip düzüldi

Angliýada döredilen "Işjeň galyndylary arassalaýjy" diýlip atlandyrylýan robot, Ýer orbitasyndaky kosmos hapalary meselesini çözmegi maksat edinýär. 

 

 

Robot gaçýan raketalardan we döwülen hemralardan soň orbitada kosmos hapalaryny ýygnar. Kosmos hapalary atmosferada ýakylar. Kosmos arassalaýjylary diýlip atlandyrylýan robotlar bilen orbitadaky hapalanmagy azaltmak maksat edinilýär.

 

 

Iň uly kynçylyk, kosmos hapalaryny orbitada saklamakdyr. Kompaniýanyň işgärleri, sagatda 20 müň kilometrden ýokary tizlikde hereket edýän galyndylara ýetmek üçin çylşyrymly kosmos baletini gurmalydygyny aýdýarlar. Şeýle hem alymlar kosmos zibiliniň abanýan howpy barada duýduryş berdiler.

 

 

Iň erbet ýagdaýyň Kessler effekti boljakdygy aýdyldy.  1970-nji ýyllarda NASA-da işlän Donald Kessler kosmos galyndylarynyň biri-birine degip, zynjyrly reaksiýany döredip biljekdigi barada duýduryş beripdi. Kosmos galyndylarynyň we zibilleriniň mukdary gözegçilik astynda saklanylmasa, ýer orbitasy geljekde ulanyp bolmajak ýagdaýa gelip biler.

 

 

Ýewropa kosmos gullugynyň maglumatlaryna görä, hemra we kosmos gämilerine zeper ýetirip biljek orbitada bir santimetrden uly bir milliondan gowrak kosmos galyndylary bar. NASA-nyň habaryna görä, orbitada 10 santimetrden uly 25 müň kosmos galyndylary bar. Kosmos galyndylary atmosfera girmezden we ýanmazdan ozal 100 ýyl orbitada saklanýar.

 

Bibi MYRADOWA,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk 
institutynyň talyby
.