Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /«Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşigiň I tapgyry başlandy
  28.11.2024
230
«Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşigiň I tapgyry başlandy

«Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşigiň I tapgyry başlandy.

Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynda talyp ýaşlaryň arasynda «Kitap – ýaşlaryň göwün syrdaşy» atly bäsleşigiň birinji tapgyry geçirildi. Çäräniň maksady ýaşlaryň kitap okamaga bolan höwesini artdyrmak, türkmen we dünýä edebiýatynyň nusgawy eserleri bilen tanyşdyrmak, şeýle hem watançylyk duýgularyny ösdürmekden ybarat boldy.

Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk baýramy we Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli guralan bu bäsleşik ýaşlarda milli mirasa hormaty hem-de döredijilik ukyplaryny ösdürmek maksady bilen gurnaldy. Talyp ýaşlaryň arasynda geçirilen döredijilik çäresi ýurdumyzda bilim ulgamynda gazanylýan üstünlikleriň aýdyň mysalyna öwrüldi.

Bäsleşigiň esasy maksatlary şulardan ybarat boldy:
Ýaşlarda kitap okamaga bolan söýgini artdyrmak;
Türkmen edebiýatynyň we dünýä edebiýatynyň nusgawy eserlerini ýaşlara tanyşdyrmak;
Ýaşlaryň döredijilik we intellektual ukyplaryny ýüze çykarmak;
Olar üçin watançylyk ruhunda terbiýe bermek.

Çärä gatnaşyjylar Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza ýaşlar üçin döredilen giň mümkinçilikler üçin çuňňur minnetdarlyk sözlerini aýtdylar.
Bäsleşigiň dowamynda talyplaryň watançylyk duýgulary, döredijilik ukyplary hem-de milli mirasa bolan söýgüsi öz beýanyny tapdy. Çäräniň dowamynda ýeňijiler hem kesgitlenip, olara degişli sylaglar gowşuryldy.

Çeşme: Türkmenistanyň Bilim Ministrligi

Serdar NARKULYÝEW,
Türkmenistanyň Döwlet energetika
institutynyň talyby.