Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦ ✦ Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkezi - saglyk ulgamynyň döwrebaplaşdyrlmagy ✦ ✦ 2025-nji ýyl «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan edildi ✦ ✦ Ruhy saglyk we onuň adama täsiri ✦ ✦ «Ýaşlar — Watanyň daýanjy» kitabynyň Ýapon dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦
Baş sahypa / Medeniýet /«Kitap» hekaýasynyň esasynda täze film surata düşürildi
  29.11.2024
125
«Kitap» hekaýasynyň esasynda täze film surata düşürildi

Türkmen halky kitaphon halk. Kitaphonlyk — asyrlaryň jümmüşinden geçip, biziň günlerimize gelip ýeten, bize ata-babalarymyzdan miras galan ýagşy häsiýetdir. Hemmämize tanyş bolan Nurmyrat Saryhanowyň meşhur «Kitap» hekaýasy bolsa munuň şeýlediginiň aýdyň beýanydyr. Şoňa görä-de, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndan «Kitap» atly kinofilmiň surata düşürilmegi möhüm ähmiýete eýedir.

 

Ýakynda paýtagtymyzdaky «Aşgabat» kinoteatrynda bu filmiň ilkinji görkezilişi boldy. Filmiň režissýory ― Hekim Alowow. Filmiň edebi esasy merhum, belli artist Ata Alowow bilen ýaş aktýor, režissýor Rahymberdi Annagulyýewiňkidir. Filmi kompozitory ― Röwşen Nepesow.

 

Meşhur türkmen ýazyjysy Nurmyrat Saryhanowyň beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň  belent paýhasyna bagyşlap ýazan «Kitap» hekaýasynyň esasynda döredilen filmde Muhammetmyrat Ataýew baş gahryman Welmyrat aganyň, Çary Ýakubow Ozan bagşynyň, Annageldi Orazgeldiýew Ýazyrhan piriň, Süleýman Eminow alymyň keşbini janlandyrypdyrlar.

 

Baryp-ha, has irki döwürleriň ýazgylarynda beýan edilen sowadyň ýaşaýşyň aýrylmaz bölegine öwrülendigi hakynda gaty köp ýazgylar biziň günlerimize gelipdir. Asyrlaryň aýlanyp, ylym-bilimiň kämilleşip şu güne gelmeginde kitaplaryň aýratyn ähmiýeti bar. Bu filmde hem maşgalanyň göz dikip oturan guba düýesini dana Pyragynyň kitabyna çalşan Welmyrat aga bilen bagly wakalar, akyldaryň pähim-paýhasyna halkyň belent sarpasy, kitabyň ähmiýeti täsirli açylyp görkezilýär. Şeýlelikde, kitap — adamyň dosty, maslahatçysy, ýakyn hemrasy.

 

Goşagul BATYROWA,
Türkmen döwlet medeniýet institutynyň
Medeniýeti öwreniş hünäriniň 2-nji ýyl talyby.