Balkan welaýatynyň Jebel şäherçesinde gurulýan täze Halkara howa menzili häzirki zaman tehnologiýalary bilen üpjün edilen, ýokary hilli we çalt hyzmatlary amala aşyrmaga mümkinçilik berýän infrastrukturadyr.
Täze menzil sagatda 100 ýolagça hyzmat etmäge ukyply bolup, ýük daşama we ýolagçy transporty üçin möhümdir. Gurluşyk işlerinde iň täze tehnologiýalar we 112 sany döwrebap tehnikalar ulanylýar. Häzirki wagtda gurluşyk işlerinde 600-den gowrak hünärmen işläp, menziliň gurluşygynyň soňky tapgyrlary dowam edýär.
Menzil Balkan welaýatynyň ykdysady we medeni ösüşine uly goşant goşar, ähli görnüşdäki howa gämilerini kabul etmek üçin ähli şertlere eýe bolar. Dikuçarlar üçin ýörite duralgalar we howa gämileri üçin alty sany duralga bolar. Şeýle hem, 35 metre çenli beýikligi bolan dolandyryş diňi menzile aýratyn görk berer. Şu bilermenlikli taslama, ýurduň ulag-logistika ulgamynyň ösdürilmeginde möhüm orny eýelejekdir.
Resul KAKAJANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.