Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň çäklerinde geçirilen Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň II Sebitara Forumy, iki ýurduň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklarynyň berkemeginde möhüm wakalaryň biri boldy. Foruma iki ýurduň söwda we maliýe guramalarynyň ýolbaşçylary, welaýat häkimleri hem-de hususy pudagyň wekilleri gatnaşdy diýip, TDH habar berýär.
Türkmen wekiliýetiniň çykyşlarynda şeýle forumlaryň yzygiderli geçirilmeginiň iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň dostlukly we hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryna berýän ünsleriniň miwesi bolup durýandygy bellenildi. Ýokary derejede gazanylan ylalaşyklar hyzmatdaşlygyň strategik ugurlaryna täze itergi berýär. Hususan-da, 2022-nji ýylda Buharada geçirilen Türkmen-özbek I Sebitara Forumy üstünlikli amala aşyryldy. Mundan başga-da, şu ýylyň iýulynda Daşkentde türkmen önümleriniň sergisi gurnaldy.
Sebitleýin söwdanyň we hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi, şol sanda serhetýaka hyzmatdaşlyk, möhüm ähmiýete eýe bolýar. Häzirki wagtda «Daşoguz — Şabat» geçiriş-gözegçilik nokadynda türkmen-özbek serhetýaka söwda merkeziniň gurluşygy dowam edýär. Bu taslama iki ýurduň serhetýaka sebitleriniň ykdysady we medeni gatnaşyklaryny ösdürmäge ýardam eder. Şeýle hem, serhetüsti infrastrukturalaryň döwrebaplaşdyrylmagy Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň, şeýle-de Buhara we Horezm welaýatlarynyň ykdysady kuwwatyny ýokarlandyrmaga mümkinçilik döreder.
Özbek tarapynyň çykyşlarynda forumyň we Özbegistanda öndürilen harytlaryň milli sergisiniň iki ýurduň işewürleriniň arasynda täze hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini döretmekde möhüm platforma bolup durýandygy nygtaldy. Iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine itergi bermek maksady bilen, sergi çäklerinde özara tejribe alyşmak we hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini öwrenmek esasy ugurlaryň biri boldy.
Forumyň dowamynda türkmen we özbek wekilleri ikitaraplaýyn duşuşyklary geçirip, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek, serhetýaka taslamalary durmuşa geçirmek we täze mümkinçilikleri işläp taýýarlamak boýunça pikir alyşdylar. Şeýle duşuşyklar iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky işjeň dialogy höweslendirmekde möhüm ähmiýete eýe boldy.
Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň ösüş depgini aýratyn bellenildi. Özbek tarapy özara söwdany artdyrmak boýunça taýýarlygyny tassyklap, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga çagyryş etdi.
Bu forum iki ýurduň strategik hyzmatdaşlygynyň täze mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna, ykdysady we medeni gatnaşyklaryň täze derejesine çykmagyna giň mümkinçilik açdy.
Asadbek Alişerow,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
1-nji ýyl talyby.