Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Bitaraplyk ― Watan goragçylarynyň milli taglymy ✦ ✦ «COP29»: ekologik başlangyçlarda täzeçil çemeleşmeler ✦ ✦ Türkmenistan bilen BAE-niň söwda dolanyşygy $1,3 milliarda ýetdi ✦ ✦ Ýaşlaryň döredijiliginde Aşgabat şäheriniň gözel keşbi ✦ ✦ Italiýanyň hünärmenleri bilen bilim mümkinçilikleri maslahatlaşyldy ✦ ✦ Sagdyn nesli kemala getirmek ugrunda ✦ ✦ Çagalar bakja-bagymyzda... ✦ ✦ Bitaraplyk — halkymyzyň milli taglymaty ✦ ✦ Bitarap Türkmenistan - halkara ylalaşyklaryň mekany ✦ ✦ Türkmenistan –“Visa” hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli işewürlik forumy geçirildi ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Emeli aň we ykdysadyýet
  02.12.2024
66
Emeli aň we ykdysadyýet

Adamzadyň kämil paýhasynyň we tehnologiýalar babatda soňky gazananlarynyň önümi bolan «emeli intellekt», ýagny «emeli aň» tehnologiýalary ylymda we durmuşymyzda uly öwrülişik döretdi. Wagtyň geçmegi bilen, emeli aňy özünde jemleýän tehnologiýalar kämilleşip, diňe bir adamyň başarýan işlerini däl, eýsem, Ýeriň aşaky gatlaklaryndan mineral maddalary gazyp almak ýaly adamyň başarmaýan işlerini hem ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelýär. Emeli aňy özünde jemleýän tehnologiýalaryň öňünde hiç wagt hem adamyň ýerini tutmak, onuň täsir ediş ulgamyna eýe bolmak ýa-da oňa zyýan ýetirmek maksady goýulmandyr. Emeli aňyň öňünde adamyň ýetmezçiliklerini düzetmek, oňa ylmy açyşlary ýerine ýetirmäge, tebigy betbagtçylyklara garşy göreşmäge kömek etmek ýaly maksatlar wezipe edilip goýlupdyr.

 

Häzirki wagtda emeli aňyň ösüşi örän ýokary belentliklere ýetdi. Emeli aňyň adamyň ýerine ýetirýän işleriniň ýerini tutmagy adamlary ynjalyksyzlandyrmaly däldir. Çünki adamyň emeli aňa döredýän mümkinçilikleri ýaly, durmuş hem adamyň öňünde täze-täze mümkinçilikleri açýar. Durmuş hadysalaryna has giňişleýin seredenimizde el telefonlaryň giň ulanylyşa eýe bolmagy bilen öý telefonlaryň ulanylyş ähmiýetiniň peselişi ýaly, haýsydyr bir ulgamyň könelişmegi bilen täze bir ulgamda ösüş özüni äşgär edýär.

 

Emeli aňyň we robot tehnikasynyň ösüşi işsizlik töwekgelçiligi barada mesele döredip biler. Dürli çaklamalara görä, ýakyn 10 ýylda robotlar häzirki wagtda  edilýän işleriň otuzdan kyrk göterim aralygynda adamlaryň ýerini tutar. Emma Bütindünýä ykdysady forumynyň gözlegçileri, takmynan, 75 million iş ýerini almak bilen, emeli aň ýaly täze tehnologiýalaryň 130 milliondan gowrak täze iş ýerini döretjekdigini aýdýarlar.

 

Işewürler emeli aň esasly tehnologiýalary ulanmagyň geljekde üstünlik gazanmak üçin möhüm şert boljakdygyny belleýärler. Emeli aňdan peýdalanýan kompaniýalaryň ýolbaşçylary öndürijiligiň artmagy bilen öz girdejilerini ýokarlandyrmagy üpjün edýärler. Bu netijeler işewürlik dünýäsiniň emeli aň tehnologiýasynyň ähmiýetine düşünmeginiň görkezijisi hökmünde kabul edilip bilner. “Senagat 4.0” diýlip atlandyrylýan we önümçilikde adam zähmetini azaldyp, arzan iş güýji ulanýan kärhanalaryň fiziki dünýä bilen wirtual gurşawy datçikler hem-de internet arkaly birleşdirýän kiber-fiziki ulgamlarynda emeli aňyň möhüm orny bardyr. Bu ulgamlarda üpjünçilik zynjyryndan önümçilige, hatda müşderiniň önümçilikden soňky sarp ediş döwrüne çenli bolan proseslere gözegçilik etmek hem mümkindir.

 

Emeli aň programmalary daşary söwda pudagynda hem birnäçe artykmaçlyklary berýär. Emeli aň programmalary önüm öndürmekden başlap, gümrük amallaryna çenli ep-esli artykmaçlyklary döredýär. Onuň çykdajylary we wagt ýitgisini azaltmakdan başga-da berýän peýdasy köpdür.

 

Batyr SERDAROW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.