Ekologik düşünje we tebigata söýgi ýaş çagalykdan başlap kemala gelýär. Ösüp gelýän ýaş nesillerde tebigaty goramak, onuň gymmatlyklaryna aýawly çemeleşmek we hormat goýmak ýörelgelerinde terbiýe bermek, ýaş nesilleriň arasynda ekologik medeniýetiň derejesini ýokarlandyrmak döwletimiziň möhüm ugurlarynyň biridir. Çünki häzirki döwürde, älem giňişliginde iň çylşyrymly meseleleri bilen öňe çykýan ekologiýa, çuňňur öwrenilmegi, ähli meseleleriň düýpli seljerilmegi we netijeli çözülmegi talap edilýär. Şu döwürde ekologik düşünjeleri we bu babatdaky maglumatlary ýakyndan bilmek, akyl ýetirmek, ekologik nukdaýnazaryndan sowatly çemeleşmäni gazanmak möhüm wezipeleriň hatarynda ileri tutulýar. Çünki arassa tebigatymyz arkaly sagdyn ýaşaýyş nusgasyny kemala getirýäris, bu bolsa öz gezeginde halkyň jan saglygy üçin möhümdir.
Häzirki döwür ençeme möhüm wezipeleri, düýpli meseleleri çözmekde täze usullary işläp taýýarlamagy talap edýär. Bu meseleleriň arasynda ekologiýa howpsuzlygy ýaly ählumumy howpsuzlyk bilen bagly meseleler hem bar. Olary çözmekde ýöriteleşdirilen halkara guramalar we dünýä döwletleri bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk etmek, Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri hökmünde kesgitlenildi. Daşky gurşawy gorap saklamak, ekologiýa taýdan arassa şertleri üpjün etmek we Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynda we Milli tokaý maksatnamasynda göz öňünde tutulan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek üçin alnyp barylýan işler giň gerime eýedir.
Ekologik medeniýetiň ýokarlandyrylmagy ugrunda edýän taýsyz tagallalary üçin Arkadagly Serdarymyza çäksiz hoşallygymyzy bildirýäris. Döwletli başlangyçlarynyň rowaç bolmagyny arzuw edýäris!
Sona GURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.