Meşhur amerikan ýazyjysy Mark Tweniň: «Howa biziň daşymyzy gurşap alýan adamlara bagly» diýen jümlesi bar. Bu sözleriň aňyrsynda, elbetde, optimistik garaýyş jemlenýär. Ýöne häzirki zaman dünýäsinde hemmeleri ynjalyksyzlandyrýan howanyň üýtgemegi ýaly ýiti meseläniň köp babatda antropogen täsirlere — adama we onuň hereketlerine baglydygyny göz öňünde tutsak, ýokarda getiren jümlämiz döwrüň hakykatyna esaslanýan göni mana-da eýe bolup biler. Biz ony göni manyda ulanyp, howanyň oňaýly ýagdaýynyň üpjün edilmeginiň hut adamlara, olaryň birleşen tagallalaryna baglydygyny nygtamak isleýäris. Ine, şu mesele hem soňky onýyllykda örän oýlanyşykly çözgütleri talap edýän, adamzadyň umumy öýünde sagdyn we abadan geljegi gurmagy ileri tutýan möhüm wezipä öwrüldi.
Tebigat ençeme müňýyllyklardan bäri adamzada öz goýnunda jemlenen ýerüsti hem ýerasty baýlyklaryny sahylyk bilen eçilip gelýär. Ýöne şunda häzir ählumumy derejede ýüzbe-ýüz bolunýan maliýe, energetika, ekologik çökgünlikleriň döremeginiň düýp sebäbiniň onýyllyklaryň dowamynda tebigy serişdeleriň yzygiderli we rejesiz gazylyp alynmagy bilen baglydygy bu barada çynlakaý oýlanmaga mejbur edýär. Sebäbi hut şonuň netijesinde bu gün bütin adamzadyň planetanyň hem geljek nesilleriň öňündäki ekologik «bergisi» barha köpelýär. Şunlukda, häzirki howanyň düýpgöter üýtgemegi zerarly döreýän ýaramaz hadysalar Ýer ýüzüniň ähli döwletlerinden çynlakaý tagallalary, anyk hereketleri talap edýär. Halkara syýasatyň doly hukukly gatnaşyjysy hökmünde biziň ýurdumyzda-da bu ugurda toplumlaýyn çäreler durmuşa geçirilýär. Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň: «Daşky gurşaw hakynda aladalanmazdan, dünýä döwletleriniň we halklarynyň durmuş hem-de ykdysady ösüşini üpjün etmek mümkin däl» diýen jümlesi bolsa Bitarap Türkmenistanyň ekologiýa syýasatynyňdyr diplomatiýasynyň özen-örküni düzýär.
Adamzat siwilizasiýasynyň kämil derejede ösýän döwründe, adam bilen tebigatyň gatnaşygy, tebigaty goramak, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmak ýaly meseleler adamzadyň möhüm aladalaryna öwrülýär. Bu meseleleri çözmäge ekologik bilim we terbiýe örän uly täsirini ýetirýär. Ekologik bilim we terbiýe bolsa, adamyň ekologiýa baradaky pikirleniş medeniýetini ýokarlandyrýar.
Daş-töweregi gurşap alan maddy dünýä — tebigat, adamzat ýaşaýşynyň iň möhüm şertidir. Ol adamyň durmuşy üçin çig malyň, energiýanyň, iýmit önümleriniň, suwuň, howanyň we beýleki maddy baýlyklaryň çeşmesidir. Şoňa görä-de, hojalyk işleriniň gidişinde adamzat jemgyýeti tebigata hemişe täsir edip durýar, ony özüniň bähbitlerine laýyklykda özgerdýär. Ekologiýa — organizmleriň we olaryň emele getirýän tebigy toparlanmalarynyň daşky gurşaw bilen özara gatnaşyklaryny öwrenýän ylmy pudak bolmak bilen, onuň durmuşdaky ähmiýeti örän uludyr.
BMG-niň tebigaty goramak baradaky resminamalarynyň — biologik köpdürlülik baradaky, çölleşmäge garşy göreşmek baradaky, howanyň üýtgemegi hakyndaky, ozon gatlagyny goramak baradaky, serhetüsti suw akymlaryny we halkara kölleri goramak we ulanmak, ÝUNESKO-nyň Bütindünýä medeni we tebigy mirasyny goramak hakyndaky resminamalar, Hazar deňziniň deňiz gurşawyny goramak baradaky Çarçuwaly Konwensiýa, Suw-batgalyk ýerler hakyndaky Ramsar Konwensiýasy, BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşawy goramak boýunça maksatnamasy, Ählumumy ekologiýa gaznasy bilen bilelikde amala aşyrylýan taslamalaryň onlarçasy we beýlekiler munuň aýdyň subutnamasydyr. Şu ýerde hormatly Prezidentimiziň ýokary derejedäki dürli forumlarda öňe süren hem-de halkara bileleşigi tarapyndan giň goldawa eýe bolan netijeli başlangyçlarynyň ähmiýetini bellemek zerurdyr. Hususan-da, şolaryň hatarynda Aşgabatda Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly tehnologiýalar boýunça Sebit merkezini açmak, BMG-niň Suw strategiýasyny hem-de BMG-niň Aral deňzi sebiti üçin ýörite maksatnamasyny işläp taýýarlamak we Aral meselesini BMG-niň işiniň aýratyn ugruna öwürmek, Hazar deňziniň ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek baradaky teklipler we beýlekiler bar. Ýurdumyz olary iş ýüzünde durmuşa geçirmek boýunça anyk ädimleri ädýär we öňi bilen bu ulgamy kadalaşdyrýan ygtybarly hukuk binýadyny döredýär. Muňa tebigy serişdeleri rejeli ulanmaga we daşky gurşawy goramaga döwlet gözegçiligi baradaky düzgün berkidilen Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem aýdyň mysal bolup biler.
Ýurdumyzda yzygiderli geçirilýän ekologik çäreler milli ykdysadyýetimiziň ösmeginiň täze şertine, halk hojalygynyň geriminde tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin netijeli binýada öwrülýär. Türkmenistanyň ekologiýa syýasaty jemgyýetiň ekologiýa babatda ruhy-ahlak terbiýäni hem-de ýokary medeniýeti, tebigata paýhasly-jogapkärçilikli garamagy hem öz içine alýar. Hormatly Prezidentimiziň daşky gurşawy goramak boýunça alyp barýan nusgalyk işlerinde geljekde-de uly üstünlikleri arzuw edýäris.
Maksat MERDANOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.