logo

Soňky täzelikler:
✦ Parahatçylygyň mizemez binýady ✦ ✦ Gazagystanyň taryhy we medeniýeti fotosuratlarda ✦ ✦ Paýtagtymyzda köp dilli bilim bermek meseleleri boýunça sebit dialogy geçirildi ✦ ✦ Tebigaty goramak — ählumumy wezipe ✦ ✦ Ýurdumyzyň wekiliýeti Özbegistanda geçirilen sammite gatnaşdy ✦ ✦ Türkmen milli dünýä dilleri instituty Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Hormat haty bilen sylaglandy ✦ ✦ Aşgabatda «Türkmenistanyň nebiti we gazy - 2026» halkara forumy başlandy ✦ ✦ Hormatly Prezidentimiziň kitaby azerbaýjan diline terjime edildi ✦ ✦ Özbek paýtagtynda «Tatar gyzy – 2026» halkara bäsleşiginiň ýeňijisine bagyşlanyp dabaraly çäre geçirildi ✦ ✦ Küşt ussatlary bäsleşerler ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Düýe maly - dünýe maly
  14.05.2022
2351
Düýe maly - dünýe maly

Düýäniň süýdüniň, çalynyň ynsan saglygy üçin örän uly peýdalydygy, ýüňüniň bolsa ynsan bedenine ýakymlydygy baradaky hakykat bu günki günde ylmy taýdan doly subut edildi. Düýe çalynyň dermanlyk häsiýetlerini aýdanymyzda, ilkinji nobatda, çalyň adam bedeninde saklanýan duzlaryň çalşygyny oňatlaşdyrýandygyndadyr. Çarwadarlaryň, sähra adamlarynyň meýdanda düýe çalyny köp içýändikleri sebäpli, olaryň uzak we sagdyn ýaşaýandyklaryny geçmiş taryhymyz aýdyňlygy bilen subut edýär. Ine, şu ýerde bolsa internet maglumatlaryna salgylanyp düýeler barada käbir gyzykly maglumatlary dykgatyňyza ýetirmek isleýäris.

 

“Düýe” sözi Arap dilinde “gözellik” diýmegi aňladýar. Düýelere “çöl gämileri” hem diýilýär. Çünki bular çölde iň bir çydamly haýwan hasaplanýarlar. Türkmen halkynda iki örküçli düýä bugra, aýry diýlip atlandyrýarlar. Beýleki halklarda bolsa bir örküçli düýelere dromedar, iki örküçli düýelere baktrian diýilýär. Baktriýa häzirki Owganystanyň we Özbegistanyň çäklerini öz içine alyp, gadymy ýer-ýurt ady bolup durýar. Hut şu ýerlerde iki örküçli düýeler bolupdyr. Iki örküçli düýelere baktrian diýlip at berilmegi şunuň bilen baglydyr. Düýäniň arkasynda örküji bar bolsa-da, oňurgasy göni bolup durýar. Düýäniň örküjinde ýygnanýan ýaglar diňe haýwany açlykdan halas etmän, adaty yssy wagtynda bedeniniň kadaly temperaturasyny hem saklaýar. Bir wagtyň özünde bir düýäniň özi 200 litr töweregi suw içip bilýär, şol bir wagtyň özünde birnäçe hepde suw içmän çöl beýewanlarda oňup bilýär.

 

Düýeler suwuň bardygyny 50-60 kilometrden duýýarlar. Bir gije-gündiziň dowamynda 30-40 kilogram iým iýmäne ukyply. Bu jandarlar ortaça 35-40 ýyl ýaşaýarlar, suwda bolsa gowy ýüzýärler. Düýeler durman öz agramynyň 50 göterimine çenli agramdaky ýüki 40 kilometre çenli äkidip götermäne ukyply. Düýe süýdi sygyr süýdünden iki esse peýdalydyr. Onda kalsiý, magniý, demir, fosfor, C we D witaminleri, peýdaly minerallar we mikroelementler bar.

 

Akmuhammet GYLYJOW,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy.