Saud Arabystanynda, dünýäniň iň uly ymaraty boljak “Mukaab” atly kub şekilli binanyň gurluşygy başlandy. Häzirki wagtda binanyň düýbi tutuldy we bu taslama boýunça, “Mukaab” binasynyň her bir diwarynyň uzynlygy we beýikligi 400 metrden gowrak bolar, umumy meýdany bolsa 19 inedördül kilometr bolar.
Bu bina dükanlar, syýahatçylyk merkezleri, futuristik kislorod porty, The Line atly ýaşyl zolagynyň ýerleşýän ýerleri we pyşdyl şekilli Pangeos kurort liniýasyny öz içine alar. Şeýlelikde, bu ymarat Saud Arabystanynyň Vision 2030 strategiýasynyň çäginde täze dynç alyş we işewürlik merkeziniň — New Murabba-yň merkezi bölegi bolar.
Gurluşyk işleri her gün 900 töweregi işçi tarapyndan alnyp barylýar. Taslama Kanadanyň Atkins Realis kompaniýasy tarapyndan dolandyrylýar, maliýeleşdirmek we gurmak üçin bolsa, döwlet eýeçiligindäki New Murabba Development Company jogapkärdir.
“New Murabba” taslamasy şäheriň içinde dörediljek şäherdir. Ol ýerde 45,000 orunlyk stadion, dürli funksiýalary öz içine alýan we güýmenje ýerleri ýerleşer. Gurluşyk işleri 2030-njy ýylyň ahyryna çenli tamamlanar diýlip çaklanylýar.
Azada Allambergenowa,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
2-nji ýyl talyby.