logo

Latest news:
✦ Paýtagtymyzda Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyna bagyşlanan baýramçylyk konserti geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli 1054 raýatyň günäsi geçildi ✦ ✦ Daşary ýurtlarda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanan çäreler geçirildi ✦ ✦ Ýol hereketiniň howpsuzlygy — ömrümiziň rahatlygy ✦ ✦ Ýurt Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllygy ✦ ✦ Daşary işler ministrliginde Gruziýanyň Adalatçysy bilen duşuşyk geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleri ✦ ✦ Diplomatiýa — hem ylym, hem sungat ✦ ✦ Terbiýeçilik mekdebi ✦ ✦ Ýaş nesliň kämilligi ugrunda ✦
Home / Technology /Dünýädäki elektron galyndylaryň möçberi 62 million tonna ýetdi
  22.03.2024
706
Dünýädäki elektron galyndylaryň möçberi 62 million tonna ýetdi

2022-nji ýylda dünýädäki elektron galyndylary 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende 82 göterim ýokarlandy we 62 milliona ýetdi. Barha artýan elektron galyndylarynyň ep-esli bölegi netijeli peýdalanylmaýar.

 

 

Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Bilim we gözleg instituty (Unitar) we Halkara telekommunikasiýa birleşigi (ITU) tarapyndan "Global elektron galyndylara gözegçilik" hasabaty neşir edildi. Hasabatda dünýädäki elektron galyndylaryň resminamalaşdyrylan elektron galyndylaryny gaýtadan işlemekden 5 esse çalt ýokarlanandygy bellenildi.

 

 

Kompýuterler, jübi telefonlary we telewizor ýaly elektron galyndylaryň 2022-nji ýylda 2010-njy ýyl bilen deňeşdirilende 62 million tonna ýetendigi nygtalýan hasabatda, munuň 1,55 million sany 40 tonnalyk ýük daşaýan awtoulagy doldurýandygy mälim edildi.

 

 

Hasabatda elektron galyndylaryň 2030-njy ýyla çenli 33 göterim ýokarlanyp, üçden bir esse artmagyna garaşylýandygy aýdylýar. BMG-nyň hasabatyna görä, ýurtlar 2030-njy ýyla çenli elektron galyndylaryny ýygnamak we gaýtadan işlemek nyrhlaryny 60 göterime çenli ýokarlandyryp bilseler, adam saglygyna howp salmagy goşmak bilen gazanyljak peýdalaryň çykdajylary 38 milliard dollardan geçer.

 

 

Ýeri gelende belläp geçsek, häzirki wagtda netijeli dolandyrylmaýan elektron galyndylar dünýä we adam saglygyna howp salmagyny dowam etdirýär.

 

Jennet ATANIÝAZOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň talyby.