logo

Latest news:
✦ Garaşsyzlyk bahasyz gymmatlyk ✦ ✦ Ýokary derejedäki halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Garaşsyzlyk türkmen halkynyň baky bagty ✦ ✦ Türkmenistanyň wekilleri HWCA çäresine gatnaşdy ✦ ✦ «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşiginiň jemleýji tapgyry geçirildi ✦ ✦ Taryhy öwrenmek — milli mirasa düşünmegiň möhüm şerti ✦ ✦ «Garaşsyzlyk — ganatym» bäsleşigi tamamlandy ✦ ✦ Türkmenistanyň teatr we sirkleri Garaşsyzlygyň 35 ýyllygyny belleýär ✦ ✦ E-kitap atly elektron kitaphanasy döredildi ✦ ✦ 14 ýaş aýdymçy “Ýaňlan, Diýarym!” üçin sahna çykdy ✦
Home / Society /Dil öwrenmek, dünýäni açmak
  27.03.2020
1065
Dil öwrenmek, dünýäni açmak

       Bitarap Türkmenistanyň dünýä ýüzündäki abraý-mertebesi ýurduň ýaş nesliň daşary ýurt dillerine sowatlylygy bilen hem baglydyr. Ýurdumyzyň orta we okuw mekdeplerinde daşary ýurt dillerini okatmagyň hilini ýokarlandyrmaga we netijeliligini artdyrmaga aýratyn üns berilýär. Daşary ýurt dillerini okatmagyň netijeleriniň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk gelmegi üçin degişli konsepsiýada göz öňünde tutulan. Ýurdumyzyň okuw mekdeplerinde daşary ýurt dilleriniň okadylyşyny kämilleşdirmek, bilim ulgamynyň basgançaklarynda bitewi bilim gurşawyny döretmek boýunça alyp barýan döwletli syýasatynyň aýdyň görkezijisidir.

         Häzirki wagtda dil bilimine berlýän üns aýratyn many-mazmuna eýe bolýar. Diňe bir öz milli dilimizi öwrenmek däl-de, dünýä dillerini öwrenmek meselesi hem örän aýdyňlygy we ähmiýetliligi bilen çözülýär. Bu ugurda üç dilliligi ösdürmek taglymaty öňe sürlüp, degişli çäreler durmuşa geçirilýär. Ýurdumyzda hereket edýän mekdebe çenli çagalar edaralaryndan başlap, ýokary okuw jaýlarynyň ählisinde daşary ýurt dilleri öwredilýär. Bu ugurda esasan iňlis we rus dilleriniň ýokary derejede geçilmegi türkmen ýaşlarynyň daşary ýurt dillerinde erkin gürlemeklerinde, olaryň köpugurly bilimli bolmaklaryna gönükdirilendir. Daşary ýurt dillerini bilmek üçin bolsa ilki, öz ene diliňi bilmek esasy şertleriň biridir.

         Döwrüň ösmegi, özgermegi Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň barha giňelmegi, dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk gatnaşyklarynyň has-da ýygjamlaşmagy, daşary syýasatymyzyň dabaralanmagy daşary ýurt dillerini özleşdirmekligi we öwrenmekligi talap edýär. Bilim ojaklarynda dil öwrenmek derslerinde ýokary innowasion tehnologiýalaryndan peýdalanyp, bilim beriş usullarynyň soňky gazananlaryna daýanalyp geçilýän sapaklarda dil biliminiň aýratyn üns merkezinde bolmaklygy – geljegiň ýagtylygyndan habar berýär. Dil bilmek bolsa bilimiň wajyp sütünleriniň biridir.