Täze taryhy döwrümizde ýurdumyzda ýaş nesle berilýän bilim-terbiýäniň öwredilýän sowadyň hilini we mazmunyny baýlaşdyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şu nukdaýnazardan, biz hem çagalar bakja-bagymyzda milli bilim syýasatyndan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýarys. Çagalar bakja-bagymyzda daşary ýurt dilleri, aýratyn-da, rus we iňlis dillerini çuňlaşdyryp öwretmäge gönükdirilen toplumlaýyn işler durmuşa geçirilýär. Okuw maksatnamalaryndan we düzgünnamalaryndan gelip çykýan wezipeleri üstünliliki ýerine ýetirmek üçin, şeýle-de bagtyýar nesilleriň bu diller boýunça başarnyklaryny, sözleýiş dilini ösdürmek ugrunda sanlylaşdyrylan sapaklary ýokary derejede guramaga çalyşýarys.
Mekdebe çenli ýaşly çagalara iňlis dilini öwretmek baý terjibäni, yhlasy, guramaçylygy talap edýär. Şu nukdaýnazardan, biz hem çagalar bakja-bagymyzda öňdebaryjy iş tejribäni özleşdirmäge, innowasion tehnologiýalardan peýdalanyp sapaklary sanlylaşdyrylan esasda guramaga, usulyýetimizi baýlaşdyrmaga we netijeliligi ýokarlandyrmaga ymtylýarys. Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwretmegiň usulyýetini kämil özleşdirip, sapaklarymyzy berkitmegi, geçilenleri gaýtalamagy öwrediji oýunlaryň üsti bilen amala aşyrýarys. Şeýlelikde, çagalarda dil öwrenmäge bolan höwes has-da kämilleşýär. Olaryň sesleri dogry gaýtalap bilmekleri, aýdymjyklary ýerine ýetirmekleri, iňlis dilinde goşgy bentlerini okamaklary geljede ýaşlaryň daşary ýurt dilinde erkin gürlemeklerine itergi berýär.
Ýeri gelende bellesek, ýurdumyzyň mekdebe çenli çagalar edaralarynda guralýan daşary ýurt dili sapaklarynda, okuw-terbiýeçilik işlerinde hem «Türkmenistanda daşary ýurt dillerini okatmagy kämilleşdirmegiň Konsepsiýasyndan» ugur alynýar. Munuň özi ýurdumyzda bilimiň ilkinji basgançagy bolan mekdebe çenli çagalar edaralarynda geçilýän daşary ýurt dili sapaklarynyň has kämil we netijeli esasda amala aşyrylmagyny üpjün edýär. Geljekde hem bu ugurdaky işleriň oňyn netijeli bolmagynyň esasyny düzýär.
Ýurdumyzda bilim-terbiýä, hünär kämilligine, çagalaryň irki ösüşiniň we mekdebe taýýarlygynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine gönükdirilen ähli mümkinçilikleri we şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.
Owadan ABAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 2-nji çagalar bakja-bagynyň iňlis dili mugallymy.