2024-nji ýylyň noýabr aýynda Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherinde geçirilen BMG-niň Howanyň Üýtgemegi boýunça Çarçuwaly Konwensiýasynyň Taraplarynyň 29-njy Maslahaty (COP-29), dünýäniň syýasatçylaryny, bilermenlerini we liderlerini howanyň üýtgemeginiň çözgütlerini tapmak üçin birleşdirdi. Türkmenistan bu giň gerimli maslahata işjeň gatnaşyp, sebitleýin hyzmatdaşlygyň we klimatyň üýtgemeginiň çözgüdine bolan ygrarlylygyny görkezdi.
Maslahatyň dowamynda, howanyň 1,5°C-ä çenli ýokarlanmagyny çäklendirmek, klimatyň täsirlerini azaldan maliýe serişdelerini güýçlendirmek we arassa energiýa geçişi ýaly strategiýalar ara alnyp maslahatlaşyldy. Merkezi Aziýanyň ýurtlary, şol sanda Türkmenistan howa bilen baglanyşykly meselelerde hyzmatdaşlygyň ähmiýetini nygtadylar.
Türkmenistan Merkezi Aziýada Howa Üýtgemeleri Tehnologiýalary boýunça Sebitleýin Merkezi döretmek üçin teklip öňe sürdi. Bu merkeziň maksady suw dolandyryşy, täzelenýän energiýa we durnukly oba hojalygy ýaly ugurlarda innowasiýa çözgütlerini hödürlemekdir. Türkmenistan arassa energiýa we durnukly ykdysady ösüşe gönükdirilen gazananlary we meýilnamalary barada maglumat berip, dürli ugurlarda wezipelerini beýan etdi. Bu başlangyçlar BMG-niň Durnukly Ösüş Maksatlaryna (SDG) we Türkmenistanyň "ýaşyl" ösüş strategiýalaryna laýyklykda amala aşyrýarlar.
Sona GURBANOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.