Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Paýtagtymyzda sportuň milli we alyş göreşi boýunça halkara ýaryş geçiriler ✦ ✦ Türkmenistan “TEIF 2025” forumynda maýa goýum mümkinçiliklerini tanyşdyrar ✦ ✦ Kiýewde Magtymguly muzeýiniň 50 ýyllygy dabaraly ýagdaýda bellenildi ✦ ✦ "ICT Start-up: durnukly ösüş üçin innowasiýa tehnologiýalary" atly bäsleşik geçirildi ✦ ✦ YHG-niň birinji ministrler forumy geçiriler ✦ ✦ III Halkara açyk informatika internet olimpiadasy üstünlikli geçirildi ✦ ✦ Türkmenistan bilen ÝUNFPA ýaşlar syýasatyny maslahatlaşdy ✦ ✦ Mekdep kitaphanalarynyň işi kämilleşdirilýär ✦ ✦ “Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” atly medeni çäre ✦ ✦ Türkmenistan - BMG-da ýaşlar duşuşygyny guraýar ✦
Baş sahypa / Jemgyýet /Çagalary goramagyň halkara güni
  01.06.2022
737
Çagalary goramagyň halkara güni

Çagalar islendik jemgyýetiň iň eziz agzalarydyr.Çagalar durmuşyň bezegi, her öýüň her ojagyň gelşigidir.Bagtly çagalaryň iň arzyly islegleriniň hasyl bolýan ýurdunda Hormatly Prezidentimiziň başda durmagynda durmuşa geçirilýän beýik özgertmeleriň bütin halkymyzyň, şol sanda ýaş  nesilleriň şu güni , hem-de gelejegi bilen aýrylmaz baglanyşyklydygy ýaşlaryň ruhuny belende göterip , öz ata Watanyna bolan buýsanjyny artdyrýar. Bütindünýäde bolşy ýaly Türkmenistanda hem 1-nji iýunda Çagalary goramagyň halkara güni mynasybetli köp sanly çäreler geçirilýär resminamalar kabul edilýär.Olaryň hatarynda 1994-nji ýylda BMG-niň Bütindünýä jarnamasyna , şeýle-de çaganyň hukuklary  hakyndaky konwensiýa goşulandygyny aýtmak bolýar.Jarnama jemgyýetiň gelip çykyşyna, milletine,emläk ýagdaýyna derisiniň reňkine garamazdan , ähli babatda çagalaryň deň hukuklaryny yglan edýär.BMG-niň işjeň  agzasy bolmak bilen Türkmenistanda hem çagalaryň durmuş goraglylygyny üpjün etmek babatda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.Dünýäniň iň ösen ülňülerine laýyklykda, enjamlaşdyrylan täze orta mekdepleriň , çagalar baglarynyň hem-de çagalar sagaldyş- dynç alyş merkezleriniň gurlup ulanylmaga berilmegi aýdylanlara aýdyň mysaldyr.Bu senäni geçirmek karary 1925-nji ýylda Ženewada çagalaryň abadançylygy boýunça Bütindünýä konferensiýasynda  kabul edilýär.1949-njy ýylyň noýabrynda  bolsa Zenanlaryň halkara demokratik federasiýasynyň Pariždäki  çözgüdi bilen bu senäni bellemeklik öňe sürülýär we 1950-nji ýylyň 1-nji iýunyndan bäri Çagalary goramagyň halkara güni dünýä ýüzünde her ýyl giňden bellenilip gelinýär. Çagalary goramagyň halkara gününi geçirmekden maksat çagalaryň  üpjünçiligini gowulandyrmak, olaryň hukuklarynyň bozulmagynyň öňüni almak ýaly derwaýys meseleleriň  ýerlikli çözüwleri tapmakdyr.Şeýle-de Çagalary goramagyň halkara gününiň baýdagy bardyr. Ol ösüşi, sazlaşygy,täzeligi we  hasyllylygy aňladýan ýaşyl reňkde bolup ýüzünde gyzyl, sary , gök  ak we gara reňkdäki şekilleri we ýer şarynynyň ajaýyp keşbini özünde jemleýändir.Bu baýramçylyk gününiň çäginde çagalar üçin  ýörite gyzykly çäreler, söhbetdeşlikler, dürli bäsleşikler guralýar. Çagalaryň goraglylygy, olaryň sagdyn kemala gelmegi dünýä ýüzündäki esasy meseleleriň biri hasaplanýar.Şeýle meseleleriň ýerlikli çözüwini ýola goýmak bilen goý olaryň ýaşaýyşy abadan, durmuşy özleri ýaly süýjüden- süýji bolsun. Bu senäniň giňden dabaralanýan gününde durmuşyň bezegi öý-ojagyň gelişigi bolan çagalaryň eziz  ýurdumyzda gülki sesleri belentden belent ýaňlansyn!

Ruhsara JUMAGELDIÝEWA
 Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby