logo

Latest news:
✦ Tejen etrabynda 320 orunlyk täze çagalar bagy açyldy ✦ ✦ Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 960 orunlyk täze orta mekdep ulanmaga berildi ✦ ✦ Ahal welaýaty boýunça şu ýyl 195 müň gektar meýdanda güýzlük bugdaý ekiler ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewlerine bagyşlanan halkara maslahat geçirildi ✦ ✦ Wenraý şäherinde «Atda wepa-da bar, sapa-da» eseriniň niderland dilindäki neşiri tanyşdyryldy ✦ ✦ Niderlandlar Patyşalygynda ahalteke bedewleriniň dünýä çempionaty geçirildi ✦ ✦ TÜRKMENIŇ BUÝSANJY ✦ ✦ Oktýabr aýynda «Awazada» birnäçe halkara forumlar geçiriler ✦ ✦ Türkmen-niderland hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy ✦ ✦ Bagşyçylyk sungatynyň ägirdi ✦
Home / Society /Çagalary goramagyň halkara güni
  31.05.2022
884
Çagalary goramagyň halkara güni

  Tomusyň ilkinji gününe gabat gelýän Çagalary goramagyň halkara güni häzirki wagtda bütin dünýäde möhüm we gadymy baýramlaryň biri höküminde bellenilýär.Ony bellemek 1949-njy ýylyň noýabr aýynda Halkara Demokratik Federasiýanyň gurultaýynyň karary bilen tassyklanyldy. Karara esas hökmünde Birleşen Milletler Guramasy tarapynda kabul edilen “Çaganyň hukuklary baradaky konwensiýasy” çykyş edýär. Çagalary goramagyň halkara güni ilkinji gezek Parižde 1950-nji ýylyň 1-nji iýunynda bellenildi. Bu baýramy bellenilmeginiň esasy sebäbi çagalaryň hukuklaryny ilkinji nobatda olaryň ýaşaýyş, bilim, dynç alyş hukuklarynyň goraglylygyny üpjün etmek bolup durýar. Çagalaryň bilimli, terbiýeli, watansöýüji bolmagy gelejekde ýurduň ösüşine,jemgyýetiň berkligine özüniň täsirini ýetirýär. Çagany ýer ýüzünde ýaşaýan halklar  we her bir maşgalalar öňden gelýän öz maşgala däp-dessurlaryna görä, häzirki ýaşaýan döwrüni nazarda tutup terbiýeleýär. Çaga dünýä inen gününden  başlap, olar bilen mylakatly gürleşmegi başarmaly.Çünki çaga terbiýesi ilki maşgaladan başlanýar.Çaga başdan uly ýaşdaky adamlaryň ählisiniň hereketini,gürleýşini özüne çekip alýar. Çaganyň beýnisi ak kagyz ýalydyr. Oňa näme ýazgy etseň şol hem onuň beýnisinde hemişelik galýandyr.

Amangül SEÝITMUHAMMEDOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby