Täze taryhy döwürde ýurdumyz ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmek üçin ägirt uly mümkinçiliklere eýe bolup, bu babatda halkara hyzmatdaşlygyny ilerletmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, her ýylyň 26-njy noýabrynda Bütindünýä durnukly ulag gününiň halkara derejede bellenilmegi uly mana eýedir.
Bilşimiz ýaly, geçen ýylyň maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 77-nji sessiýasynyň 70-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy bilen her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip ykrar etmek hakynda Kararnama kabul edildi. Munuň özi döwletimiziň öňe sürýän dünýä ähmiýetli başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň ykrarnamasydyr.
Mälim bolşy ýaly, 2016-njy ýylyň 26-njy noýabrynda Aşgabatda Birleşen Milletler Guramasynyň Durnukly ulag ulgamy boýunça birinji ählumumy maslahaty geçirildi. BMG-niň Baş Assambleýasynyň her ýylyň 26-njy noýabryny «Bütindünýä durnukly ulag güni» diýip yglan etmeginde — Türkmenistanyň başlangyjy esasynda ilkinji gezek guralan ählumumy maslahatyň geçirilen senesiniň saýlanyp alynmagynda çuňňur many bar. Şeýle hem bu ugurda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 69-njy, 70-nji, 72-nji, 75-nji, 77-nji we 78-nji sessiýalarynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen durnukly ulag ulgamyna degişli Kararnamalaryň birnäçesiniň kabul edilendigi bellenilmäge mynasypdyr.
Ýurdumyzda ulagyň ähli görnüşleriniň maddy-enjamlaýyn binýady we infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Geljegi uly üstaşyr ulag geçelgeleriniň döredilmegi bolsa durnukly ösüşiň, ählumumy abadançylygyň bähbitlerine ulag diplomatiýasyny barha ilerledýär. Bu babatda şu ýylyň aprelinde döwlet Baştutanymyzyň gatnaşmagynda Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtomobil ýolunyň Tejen — Mary böleginiň ulanmaga berilmegi möhüm taryhy wakadyr. Uzynlygy 600 kilometre ýetýän awtobanyň ulanmaga berilmegi ýurdumyzyň ulag ulgamynyň geçirijilik ukybyny we logistik hyzmatlaryň hilini düýpli ýokarlandyrmaga, awtoulag ýük daşamalaryny artdyrmaga, milli ykdysadyýetiň okgunly ösüşine ýardam edýär.
Goý, eziz Watanymyzdan çar ýana uzaýan ýollar dost-doganlyk köprüsi bolup, halklaryň arasynda parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalanmagyna hyzmat etsin!
Perman NOBATOW,
TDP-niň Hojambaz etrap komitetiniň partiýa guramaçysy.