Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Ykdysady ösüş jemgyýetiň durnukly geljegi ✦ ✦ Türkmenistan we Malaziýa: dostlukly gatnaşyklary ✦ ✦ Dünýä ykdysadýetinde öňdebaryjy 10 ýurt ✦ ✦ Sahawatly topragyň nygmaty ✦ ✦ Ýüpek gurçugynyň arzyly höregi ✦ ✦ Bezeg, iýmit, melhem ✦ ✦ Beýik geljegi gurujylar ✦ ✦ Saglyga peýdaly senetler ✦ ✦ Görünmeýän dünýäniň fizikasy ✦ ✦ Türkmenistanyň Prezidentiniň Malaýziýa resmi saparynyň çäklerinde bilim boýunça resminamalara gol çekildi ✦
Baş sahypa / Ylym we Bilim /Bitaraplyk-parahatçylygyň binýady
  03.12.2019
794
Bitaraplyk-parahatçylygyň binýady

    Bagtyýar türkmen halkynyň kalbynda ady nagyşlara öwrülip ýazylan Hormatly Prezidentimiziň ähli ugurlarda alyp barýan beýik işleri halkara derejesinde uly gyzyklanma döredip, dünýä bilermenleriniň üns merkezinde bolup durýar. Häzirki wagtda bagtyýar türkmen halky Halkara Bitaraplyk baýramçylygyna zähmet üstünlikleri bilen barýarlar. Ynsanperwerligiň, hoşniýetligiň egsizlmez bagtyna öwrülen Hemişelik Bitaraplyk baýramy her ýyl uly dabara bilen bellenilip geçilýär. Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan berlen Bitaraplyk derejesi Türkmenistanyň halkara-hukuk ýagdaýynyň bütin dünýäde ykrar edilmegidir.

    Mälim bolşy ýaly, 1995-nji ýylda 185 döwletiň ykrar etmegi bilen Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 12-nji dekabry Hemişelik Bitaraplyk hakynda rezolýusiýa kabul edildi. 2015-nji ýylyň 3-nji iýunynda Birleşen Milletler Guramasynyň 63-nji mejlisinde 193 döwletiň ykrar etmegi bilen Türkmenistan döwletimize 2-nji gezek Bitaraplyk statusynyň berilmegi biziň ýurdymyzyň halkara derejesindäki at-abraýyny has-da belende galdyrdy. Hormatly Prezidentimiziň ýurt başyna geçmegi bilen Bitaraplyk syýasaty doly öz many-mazmunyna eýe boldy. Biziň Bitaraplyk syýasatymyz häzirki wagtda dünýä ýüzine nusgalyk syýasat hökmünde hereket edýär. Bitaraplyk syýasaty häzirki wagtda ýurdumyzda hereket edýän ähli syýasatlaryň içinden eriş-argaç bolup geçýär

    2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda Birleşen Milletler Guramasynyň 71-nji mejlisinde ýörite ykrarnama kabul edildi. Şol ykrarnama esasynda hem Türkmenistanyň “Bitaraplyk gününi-Halkara Bitaraplyk güni” diýlip yglan edildi. Türkmenistan diýarymyz dünýäniň abraýly halkara guramalary bilen, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge aýratyn uly üns berýär.

    Türkmenistanyň Bitaraplygy – bu biziň mizemez gymmatlygymyzdyr, durmuşymyzyň aýrylmaz bölegidir. Biziň baş maksadymyzdyr.

   Häzirki wagtda biziň Türkmenistan döwletimiziň özüniň asyl nusgasyny Oguzhan atamyzyň ýaşyl tugundan, türkmen sährasyndan alyp gaýdýan ýaşyl tugumyz Birleşen Milletler Guramasynyň baýdaklarynyň arasynda özüniň has owadanlygy bilen buýsançly pasyrdaýar.

    Ynha şu aýdylan ajaýyp sözlerden ugur alyp, ýurdumyzyň ähli künjeklerinde Halkara Bitaraplyk baýramy mynasybetli birnäçe aýdym-sazly medeni çäreler, wagyz-nesihat maslahatlary, şeýle-de brifingler yzygiderli geçirilýär. Ak bugdaý etrap häkimligi, Ak bugdaý etrap Medeniýet bölümi, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrapgeňeşi bilen bilelikde Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasyndaky Medeniýet öýünde Halkara Bitaraplyk gününiň 24 ýyllygy mynasybetli “Bitaraplyk-parahatçylygyň binýady” diýen at bilen brifing duşuşygy geçirildi. Bu geçirilen brifing duşuşyga il sylagly ýaşulylar, mährem eneler, bagtyýar ýaşlar, Ak bugdaý etrap Medeniýet bölüminiň, şeýle-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Ak bugdaý etrap Geňeşiniň agzybir işgärleri işjeň derejede gatnaşdylar. Medeniýet we sungat işgärleriniň gatnaşmaklarynda geçirilen bu aýdym-sazly brifing duşuşygy aýratyn bir many-mazmuna eýe boldy. Şeýle-de, brifing duşuşygynyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň zehin sahawatyndan syzylyp çykan mukaddes eserlerini, kitaplarynyň sergisiniň gurnalmagy brifing duşuşygyna gatnaşyjylarda uly täsir galdyrdy. Etrap çagalar sungat mekdebiniň çagalarynyň ýerine ýetirmeginde gurnalan sungat sergisi brifing duşuşygyna aýratyn bir öwüşgin berdi. Dabaranyň dowamynda çykyş edenler Türkmenistan döwletimiziň Bitaraplyk derejesi barada buýsançly sözleri aýtdylar. Dabaranyň geçýän ýerinde lukmançylyk hyzmaty we jemgyýetçilik tertip-düzgüniniň berjaý edilmegi berk ýola goýuldy. Umuman aýdylanda bu geçirilen aýdym-sazly brifing duşuşygy uly üstinliklere beslenip geçdi.