Hemişelik Bitaraplyk halkara hukuk ýagdaýyna ygrarlydygyny dünýä bileleşigine subut eden ýurdumyz, bu gün halkara hyzmatdaşlar bilen deňhukuklylyk, birek-birek bilen düşünişmek, ynanyşmak hem-de özara bähbitli gatnaşyk etmek ýaly ýörelgelere pugta eýermek bilen, milli köklerimizden gaýdýan däpleri dünýä çykardy. Taryhyň uzak menzillerinde berkarar döwlet islän halk, islegine ýetdi. Arzuwlar wysal boldy.
Mälim bolşy ýaly, Garaşsyzlygymyzy alan günümizden başlap, taryhyň müdimi sagady wagtyň täze hasabyny ýöredip ugrady. Şol gün biz öz milliligimize, hakyky türkmen medeniýetimize, sungatymyza we däp-dessurlarymyza dolanyp geldik. Iş ýüzünde Türkmenistan Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden bitaraplyk syýasatyny ýöredip başlapdy. Aslynda, bitaraplyk türkmeniň ganynda bar häsiýet. Garaşsyz Türkmenistan türkmeniň içki häsiýetindäki dawadan-şerden gaça durmak islegini döwletiň daşary syýasaty derejesine galdyrdy.
Daşary syýasatda umumadamzat bähbitli işleri durmuşa geçirýän ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 1995-nji ýylyň 12-nji dekabryndaky hem-de 2015-nji ýylyň 3-nji iýunyndaky degişli Rezolýusiýalary bilen iki gezek ykrar edildi. Bu Kararnamalaryň kabul edilmegi ýurdumyzyň saýlap alan parahatçylyk söýüjilikli ýolunyň — hemişelik Bitaraplygymyzyň dabaralanmasy bolup dünýä doldy. Gahryman Arkadagymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň başlangyjy bilen, 12-nji dekabr — «Halkara Bitaraplyk güni» diýlip ykrar edildi.
Milli Liderimiz hemişelik Bitaraplygymyz hakynda durup geçip: «Bu gün Bitarap Türkmenistan sebit, yklym, umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar bilen yzygiderli çykyş edýär. Durnukly ösüş maksatlary, öňüni alyş diplomatiýasy, derwaýys sebit meseleleri boýunça daşary syýasy we geoykdysady başlangyçlarymyz döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginiň umumadamzat ähmiýetli çözgüdine anyk goşant goşýandygyny görkezýär. Biziň halkara başlangyçlarymyz Birleşen Milletler Guramasy we beýleki abraýly düzümler tarapyndan yzygiderli goldanyp gelinýär. Şeýdip, gönezliginde parahatçylygy döretmek sungaty duran Bitaraplyk syýasatymyzyň netijesinde, dünýäniň geosyýasy giňişliginde «Türkmenistan» atly parlak ýyldyz döredi» diýip nygtaýar. Bu sözler geljekki halkaraçy hünärmenleriň baş ýörelgesidir.
Garaşsyzlyk, baky Bitaraplyk Türkmenistanyň okgunly ösüşleriniň, döwlet özbaşdaklygynyň, halkymyzyň erkin hem-de eşretli ýaşaýşynyň goşa ganatydyr. Şol gymmatlyklara giňden daýanyp, dünýä döwletleri bilen dostana gatnaşyklary barha giňeldýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, belent başlary aman bolsun, ähli tutumlary elmydama rowaçlyklara beslensin!
Jennet MYRADOWA,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara žurnalistikasy fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.