Ahal welaýaty
logo

Soňky täzelikler:
✦ Türkmenistanyň saglyk ulgamynda sagaldyş-dikeldiş merkezleriniň orny ✦ ✦ Gahryman Arkadagyň eserleri ✦ ✦ Newroz - psihologiki durnuksyzlyk ýagdaýydyr. ✦ ✦ Ýylyň şygary mynasybetli dabaraly maslahat geçirildi ✦ ✦ Tejen Awtoulag kärhanasynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi ✦ ✦ Beýni keselleriniň psiholohik täsirleri ✦ ✦ Psihologiýanyň çäginde Psihoterapiýanyň tutýan orny ✦ ✦ Uky we ruhy saglyk arasyndaky baglanşyk ✦ ✦ Ýürek-damar keselleri bilen kesellän näsaglarda ýüze çykýan ruhy bozulmalar ✦ ✦ Ukynyň adam saglygyna täsiri ✦
Baş sahypa / Ykdysadyýet /Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy
  22.11.2024
117
Binagärlikde milliligiň we gözelligiň sazlaşygy

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly
Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesil baradaky alada döwletimizde
ileri tutulýan wezipeleriň biridir. Ýaşlaryň döwrebap bilim almaklary, watansöýüji,
beden we ruhy taýdan sagdyn bolmaklary, jemgyýetde mynasyp orun
eýelemekleri, döredijilik bäsleşiklere we sergilere işjeň gatnaşmaklary üçin ähli
mümkinçilikler bar.

“Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynyň dowamynda
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler jaýynda birnäçe
döredijilik sergileriň geçirilip durmagy ýaşlaryň sungatyň dürli görnüşleri boýunça
kämilleşmegine uly itergi berýär.

2024-nji ýylyň 2-nji dekabrynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynda “Gujurly ýaşlar” atly talyplaryň we uçurymlaryň döredijilik
sergisi geçiriler. Bu döredijilik sergisine çeperçilik akademiýasynyň talyp
ýaşlarynyň şekillendiriş we amaly-haşam sungaty, binagärlik, dizaýn, sungaty
öwreniş ugurlary boýunça işler gatnaşar.

Binagärlik kafedrasynyň talyplarynyň döwrebap binalarynyň taslamalary
serginiň agramly bölegini eýeledi. Näzik Polatowanyň “Ýakut saraýy” atly
binagärlik taslamasy özüniň täsin gurluşy bilen tapawutlanyp, sazly-drama teatryna
bagyşlanyp döredilipdir. Teatr adamzat siwilizasiýasynyň bahasyny ölçäp
bolmajak gymmatlyklarynyň biridir. Muny geçmiş taryhdaky beýik
dramaturglardyr söz ussatlarynyň teatra beren bahasy-da tassyklaýar. Olar:
“Teatryň üsti bilen dünýä ýüzüne oňatlyklary ýaýyp bolýar” diýip hasap edipdirler.
Ylmyň we tehnikanyň, medeniýetiň we sungatyň barha ösen adamzat mertebesiniň
şeýle belentliklere göterilen ýurdunda öňdebaryjy medeniýetiň jarçysy bolan teatr
sungatynyň ähmiýeti örän uludyr. Çünki bu ösüşe we ýokary göterilişe teatr
sungaty özüniň mynasyp goşandyny goşýar. Teatryň adynyň “Ýakut saraýy” diýip
atlandyrylyşy barada awtor şeýle düşündirýär: “Men bu taslama başlanymda bize
gymmatly bolan milli şaý-seplerimizden ylham aldym, şonuň üçin bu taslamany
gymmatbahaly ýakut daşyna meňzedip, gök reňkde ýerine ýetirdim”. Awtor bu
taslamanyň adyna “Ýakut saraýy” diýmeginiň sebäbi, şol gymmatbahaly ýakut
daşy bilen baglanyşdyryp, ol taryhy çeşmelerde belli bolşy ýaly şalaryň,
begzadalaryň köşklerine çalymdaş edip ýerine ýetiripdir. Törebeg hanymyň
kümmetiniň içki gümmeziniň mozaika bezegleriniň çeper çözgüdini öwrenip,
taslamanyň girelgesindäki şekilinde peýdalanypdyr. Taslamada binanyň aşaky
bölegi altynsow sary reňkde bolup, ol türkmen topragynyň biz üçin örän
gymmatlydygynyň nyşanydyr. Binanyň aşaky böleginden ýokary galdygyňça sary,
altynsow reňki gök, mawy asman reňki bilen utgaşyp gidýär. Ýokarky bölegi
mawy asman reňkine çalymdaş bolmagy, arassa asman kimin ýurdumyzyň parahat
durmuşynyň bardygynyň aýdyň mysaly bolup durýar.

Awtor binagärlik taslamasynyň özenini millilik bilen baglanyşdyryp, onuň
täsin geometrik şekillerini türkmen milli şaý-sepleriniň şekillerinden ylham alyp
döredipdir. Bu binanyň göni merkezinde ýerleşen ýaprak görnüşli, biri-biri bilen
sepleşip aýlaw şekili, türkmen milli gülýakasyny ýatladýan mozaika bezegi özüniň
inçeden nepis ýerine ýetirilendigi bilen has-da ünsi özüne çekýär. Taslamanyň
umumy şekiline ýokardan seredilende türkmeniň “goçak” nagşyna meňzeş edip
çözülipdir.

“Gujurly ýaşlar” atly sergisine gatnaşjak ýaşlar Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň sungatyna milli çeperçilik däplerine esaslanýan
we döwrebap temalaryny açýan täze döredijilik eserleri hödürläp, tomaşaçylaryň
ünsüni özüne çeker.

Şemşat Kadyrowa,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik
akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby.