Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedowyň başda durmagynda milli bilim, ylym ulgamlaryny kämilleşdirmek we ösdürmek babatda geçirilýän uly göwrümli işler gün-günden rowaçlanýar. Hormatly Prezidentimiziň milli bilim we ylym syýasatlaryny durmuşa ornaşdyrmagyň esasy şertleriniň biri umumy bilim berýän orta mekdeplerde ýaşlara berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hilini ýokarlandyrmak we okuw işine innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmakdyr. Şu wajyp wezipeler «Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem aýratyn orun aldy. Garaşsyz döwletimiz tarapyndan saýlanyp alnan ösüşiň innowasion nusgasy bilimiň, ylymyň, halk hojalygynyň ähli pudaklarynyň hünärmenlerinden öz kärine ökde, hemişe kämilleşmegi başarýan nesilleri terbiýelemegi talap edýär. Şeýle ýaşlary terbiýelemekde ylymyň binýady bolan umumybilim berýän orta mekdeplerde bilimi kämilleşdirmegiň, okuw-terbiýeçilik işlerini häzirki döwrüň talaplaryna laýyk guramagyň ähmiýeti ulydyr.
Cünki öz işini ýokary derejede bilýän hünärmenler zähmet üstünliklerini gazanyp, ýurduň ösüşine goşant goşup bilerler. Şeýle kärine kämil hünärmenleriň taýýarlanylmagy bilim ulgamynyň gazanan netijeleriniň datly miwesidir. Mundan ýarym ýyl ozal «Türkmenistanda şanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» kabul edilipdi. Innowasion ösüşi nazarlap, sanly serişdeleri, elektron bilim maglumatlaryny giňden ulanmagy, şeýdibem, berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmagy maksat edinen bu möhüm resminamada kesgitlenen wezipeler üstünlikli durmuşa geçirilýär 1995-nji ýylda Türkmenistanda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Saglyk» döwlet maksatnamasy kabul edildi. «Saglyk» döwlet maksatnamasynyň çäklerinde, maşgalany meýilnamalaşdyrmaga uly üns berilýär. Şonuň ýaly-da «Maşgalany meýilnamalaşdyrmak boýunça milli maksatnama» ady bilen ýörite maksatnama işlenilip taýýarlanyldy we durmuşa geçirilýär. Bu maksatnama töwekgelçilikli we islenilmeýän göwrelilikleriň sanyny azaltmaga kömek berýän okuw çärelerini hem-de beýleki çärelerini öz içine alýar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tagallasy bilen Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletiniň kuwwatlanmagy we halkyň abadan durmuşda ýaşamagy üçin halk hojalygynyň ähli pudaklarynda düýpli durmuş-ykdysady özgertmeler amala aşyrylýar. Halkara tejribesiniň we halk pedagogikasynyň netijeli usullaryny peýdalanmagyň esasynda ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan özgertmeleriň barşynda okatmagyň täze multimediýa, maglumat we kommunikasiýa tehnologiýalary giňden ornaşdyrylýar.
2013-nji ýylyň mart aýynyň 1-ne Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde „Türkmenistanda Bilim ulgamyny kämilleşdirmek hakynda” Permana gol çekdi we bu Permandan gelip çykýan wezipeleri amala aşyrmagyň hukuk esaslaryny kepillendirýän „Türkmenistanda umumy orta bilim bermegiň meseleleri hakynda” Karar kabul etdi. «Bilim hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň 2011-2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyna”, “Türkmenistanda bilim ulgamyny ösdürmegiň 2012-2016-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyna, şeýle hem dünýä bilim ýörelgelerine laýyklykda işlenilip taýýarlanan Türkmenistanda on iki ýyllyk umumy orta bilime geçmegiň Konsepsiýasyny tassyklady. Bular döwletimizde bilim-terbiýeçilik işleriniň dünýä ölçeglerine laýyk getirilmeginiň beýik başlangyjyny goýdy.
Umumybilim berýän mekdeplerde okuwyň mazmunynyň baýlaşdyrylmagy we möhletiniň 12 ýyla çenli uzaldylmagy esasynda okuw maksatnamalarynyň we okuw kitaplarynyň täzeden kämilleşdirilen görnüşde taýýarlanylmagynyň zerurlygyny ýüze çykarýar. Bu ýaş nesli Watany goramaga taýýar, sagdyn ýaşlar edip ýetişmekde uly ähmiýete eýe bolan bedenterbiýe dersi babatda hem şeýledir.
Şol sanda Kaka etrabyndada sport we bedenterbiýe ulgamy giň gerimde ösýär. Sportyň futbol, woleýbol, küşt oýunlarynda uly üstünliklere eýe bolýarlar.
Goý, hormatly Prezidentimiziň jany sag ömri uzak, ylym-bilim sport ulgamynda il bähbitli, döwlet ähmiýetli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaç bolsunǃ